Ï Türkmenistanyň DIM-niň HGI döredijilik bäsleşigini yglan edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-niň HGI döredijilik bäsleşigini yglan edýär

view-icon 9651
Türkmenistanyň DIM-niň HGI döredijilik bäsleşigini yglan edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Baýram han Türkmen – ajaýyp şahyr, döwlet işgäri we diplomat» atly döredijilik bäsleşigine çagyrýar.

Bäsleşige ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlary, mugallymlary, şeýle hem orta mekdepleriň ýaşy 30-dan uly bolmadyk mugallymlary, aspirantlar, ylmy işgärler gatnaşyp bilerler. Olar «Baýram han Türkmen – ajaýyp şahyr, filosof» we «Baýram han Türkmen – döwlet işgäri we diplomat» temalarynyň birinden ylmy makala ýazmaly.

Döredijilik bäsleşigine türkmen, rus we iňlis dillerinde ýazylan awtorlyk, bilelikde ýazylan makalalar kabul edilýär. Ol А4 ölçegli kagyzda setir arasy 1,5 bolan 5-10 sahypa bolmalydyr. 14 ölçegdäki TimesNewRoman şrifti ulanylsa ýagşy. Makalany 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli DIM-niň HGI-niň hgi.hgddek.@online.tm elektron salgysyna ibermeli. Bäsleşige teklip edilýän iş ozal web saýtlarda çap edilen bolmaly däl.

Her ugurdan baýrakly orunlaryň üçüsi bellenildi. Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere Türkmenistanyň DIM-niň Hormat hatlary gowşurylar, işleriň ýurduň DIM-niň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynda çap edilmegik mümkinçiligi bar. Iň gowy makalalar şu ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda çap ediler. Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda sylaglanarlar.

Ajaýyp serkerde, zehinli şahyr we diplomat Baýram han Türkmen milli diplomatiýanyň taryhynda hem-de biliminde XVI asyrda ajaýyp yz galdyran beýik şahsyýetdir. Baýram han parahatçylygy berkitmekde, uruşlaryň öňüni alyp, döwletleriň arasynda hoşmeýilli gatnaşyklary ýola goýmakda uly üstünlikler gazanypdyr. Gaýduwsyz edermenligi, ajaýyp üstünlikleri, watanperwerligi üçin «Hanlaryň hany» adyna eýe bolan şahyryň edebi mirasy – dünýä şygryýetiniň gaznasyna bahasyna ýetip bolmajak goşantdyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halk içinden çykan şerkerde we şahyr Baýram han Türkmen ötgür sözi bilen uly işler bitiripdir, halkyň we adalatyň tarapynda bolupdyr. Ebedi goşgulary bilen türkmeniň ruhy dünýäsini äleme ýaýan Baýran hanyň adyny şöhratlandyrmak jemgyýetimiziň häzirki taryhy galkynyş eýýamynda biziň mukaddes borjumyzdyr.

Diplomatiýa ýokary okuw mekdebiniň yglan eden bäsleşigi Baýram hanyň medeni mirasyny, onuň häzirki halkara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän diplomatik ussatlygyny, strategiýasyny we taktikasyny, ýörelgelerini wagyz etmek, ýaýmak, öwrenmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşik şeýle hem ýaşlary pederlere we ýurdumyzyň beýik taryhyna sarpa hem-de söýgi ruhunda terbiýelemegi niýet edinýär.

Anastasiýa Kasýanowa