Ï Hazaryň ganatly myhmanlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň ganatly myhmanlary

view-icon 7806
Hazaryň ganatly myhmanlary

Hazaryň türkmen kenarynda her ýyl on bäş müňe golaý gyzylinjik gyşlaýar.

Oktýabryň ikinji ýarymynda gyzylinjikler köpçülikleýin geldiler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen we Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany bolan bu guşlar bu ýere ilkinjiler bolup geldiler. Hazar ýakasynyň ganatly myhmanlary geçen ýyl türkmen kenaryna gyş, ýaz we güýz göçüşinde düşlediler, hat-da tomsa-da galdylar. Diýmek, bizde olar üçin gowy şertler döredilipdir diýip ynam bilen aýtsa bolar.

Sentýabryň ortasyndan Hazaryň çöllük kenarlaryna garlawaç, gamyşguşy, siňekçi, çürlentgi ýaly mör-möjekler bilen iýmitlenýän guşlar gelýär. Bu guşlar sürüsi gündogara –Pars aýlagynyň maýyl kenarlaryna, Afrika tokaýlaryna we sawannalara gidýärler. Olaryň yzysüre çuluklar sürüsi gelýär. Deňiz kenarynyň ýalpak ýerlerinde çuluklaryň käbiri balykgulakdyr uşak leňňeçleri çöpläp, köp eglenýärler. Buzly ummanyň kenarynda höwürtgeläp, Afrikanyň gündogarynda gyşlaýan daşdörüjiler Hazaryň eteginde düşläp, güýç toplaýarlar. Oktýabrda Hazaryň günorta-gündogar kenaryna ördekleriň dürli görnüşi, gyzylinjikler, hokgarlar, sakarbaraklar, çarlaklar gelýär. Guşlaryň millionlarçasynyň sesi gyşyň aglaba böleginde ýaňlanýar.

Noýabrda demirgazykdan soňky myhmanlar: gazlar, kaşykburunlar we leglekler gelýärler. Kenar ýakasyndan gyş aýlary gazlaryň, suwçy bürgütleriň, ördekleriň sesleri eşidilip dur.

Taýaýrlan Wladimir Komarow

Surata düşüren Igor Lomow