Ï Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy

view-icon 4794
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zähmetkeşleriň hormatlanylmagy ýurdumyzda tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11-nji noýabrynda Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren maslahatynda zähmetde tapawutlanan we uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Däp bolşy ýaly, Hasyl toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu dabara obasenagat toplumynyň işgärleriniň zähmet çekmegi üçin iň gowy şertleri döretmäge hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Diýarymyzda ekerançylaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, ýerden bol hasyl almagy, halal zähmetiniň hözirini görmegi üçin hemme zerur şertler döredildi. Daýhanlar mineral dökünler, tohumlar, himiki serişdeler bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda ekerançylaryň tabşyran önümi üçin hasaplaşyklaryň ulgamy kämilleşdirilýär. Döwletimiziň uly goldaw bermegi netijesinde pudakda öndürilýän önümleriň mukdary artdyrylýar.

Dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

“Mekan” köşgüniň öňündäki meýdançada meşhur aýdymçylaryň Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdymlary ýaňlandy. Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý many-mazmuny öz beýanyny tapdy. Ýygnananlar ýurdumyzyň meşhur tans toparlarynyň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Milli sungatymyzyň özboluşly däplerini mynasyp dowam etdirýän folklor toparlarynyň, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

“Mekan” köşgüniň eýwanynda ugurdaş edaralar we kärhanalar tarapyndan taýýarlanan sergi guraldy. Bu ýerde pagtaçylyk we pagtany gaýtadan işlemek, gallaçylyk pudaklarynyň, azyk senagaty önümleriniň, tohumlaryň naýbaşy görnüşleri görkezildi. Sergide tamdyrdan ýaňy çykan çörekler, pişme, beýleki milli tagamlar, zähmetsöýer daýhanlaryň öndürýän oba hojalyk önümleri, dürli oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly görnüşleriniň, şol sanda şalynyň we mekgejöweniň tohumlary, gök önümler, miweler görkezildi.

Soňra paýtagtymyza ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Bezelen sahnada Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany okaldy. Çykyş edenler oba hojalyk toplumyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň strategik pudagyny kämilleşdirmek, oba zähmetkeşleriniň abadançylygyny ýokarlandyrmak, mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň özygtyýarly ösüşiniň her ýyly ýurdumyzyň ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýän syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär.

Dabara gatnaşyjylar uly buýsanç hem-de tolgunma bilen sylaglary kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz işlerine beren ýokary bahasy, pudagyň işgärleri barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Günüň ikinji ýarymynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda Hasyl toýy mynasybetli bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdiren zähmetkeşleri, mehanizatorlary we pudagyň tejribeli işgärlerini sylaglamak, olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ekerançylarynyň oba hojalyk ekinleriniň, ilkinji nobatda bolsa, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýändigi bellenildi. Oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, oba hojalyk önümleriniň eksportyny yzygiderli artdyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Ýygnananlar oba zähmetkeşleri barada edýän aladasy, ekerançylaryň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze zähmet ýeňişleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Artistleriň çykyşy dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bereketli türkmen topragyny, häzirki eýýamyň beýik işlerini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.