mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Fotosuratlarda – Bitarap Türkmenistan

view-icon 1601
Fotosuratlarda – Bitarap Türkmenistan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Halkara Bitaraplyk gününe mynasybetli fotožurnalistika bäsleşigine çagyrýar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly bäsleşige žurnalistika hünärinden, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň beýleki ugurynlardan okaýan talyplary gatnaşyp bilerler. Degişllilikde, emin agzalary olara iki ugurdan baha bererler.

Bäsleşige gatnaşýanlar «Kuwwatly döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary», «Ösüşler ýurdunyň kämil ýaşlary», «Aşgabat – dünýä parahatlyk paýlaýan şäher», «Arkadagyň binagärlik sungaty», «Millilik we taryh » temalaryndan surata düşürmelidirler. Talyplar bir ýa-da birnäçe temadan suratlary hödürläp bilerler.

hgi.hzdek@gmail.com elektron poçtada oňa gatnaşjaklar hasaba alynýar we işler kabul edilýär. Hasaba alnanda özüň barada gysgaça maglumat bermeli: A.F.A., ýokary okuw mekdebini, haýsy ýyl talybydygyny, hünärini, elektron poçta salgysyny görkezmeli. Hasaba alnanlara identifikasiýa belgisi (meselem, 001) berler, fotosuratlary şol belgi bilen görkezmeli we bellenen salga ugratmaly. Eger-de birnäçe surat ugradylýan bolsa, IB-ň üstüne san goşmaly (meselem, 001_1.jpg, 001_2.jpg we ş.m.). Şeýle resmileşdirlen fotosuratlar CD/DVD disklerde ýurdumyzyň DIM-niň HGI-na tabşyrylmaly.

Fotosuratlara baha berlende onuň tema laýyklygy, many baýlygy, reňkleriň we öwüşginleriň sazlaşygy, suratyň rakursy, surat üçin çarçuwanyň üýtgeşikligi, plagiat däldigi ýaly çelgilerden ugur alnar. Bäsleşige hödürlenýän işler ozal web saýtlarda çap edilen bolmaly däldir.

Tapawutlanan işlere diplomlar, hormat hatlary we gymmatly sowgatlar gowşurylar. Mundan başga-da, ýeňijileriň işleri DIM-niň HGI-nyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynda çap ediler.

Fotožurnalistleri taýýarlamagyň hiline garaşsyz barlag, bilimiň häzirki sanlaşdyrlyş şertlerinde talyplaryň maglumatlar tehnologiýalaryndan peýdalanmaga başarnygyna baha bermek bäsleşigiň esasy maksatlarynyň biridir.

Fotobäsleşik şeýle hem ýaşlaryň saýlap alan kärine we döredijiligne höwes döretmäge, zehinlileri we başarjaňlary ýüze çykarmaga, olarda Watana we ýurduň şöhratly taryhyna söýgi hem-de hormat döretmäge gönükdirilendir.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler şu ýylyň 3-nji dekabryna çenli hasaba durmalydyrlar we işlerini ibermelidirler.