Ï Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde birinji orny eýeleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde birinji orny eýeleýär

view-icon 3886
Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde birinji orny eýeleýär

Pekini turbageçiriji arkaly tebigy gaz bilen esasy üpjün edijileriň arasynda Türkmenistan ýanwar – oktýabr aýlarynda birinji orny saklaýar. Bu barada HHR-iň Baş gümrük gullugyna (GTU) salgylanmak bilen, TASS habar berýär.

Bu müdirligiň maglumatyna görä, agzalan döwürde HHR Türkmenistandan 19,79 million tonna import edipdir. Hytaýa ugradylýan gazyň möçberi boýunça ikinji orunda Russiýa (5,94 million tonnadan gowrak), ondan soň Gazagystan (3,73 million tonna), soň bolsa Özbegistan (2,57 million tonna) we Mýanma (2,53 million tonna) gelýär.

GTU-nyň statistikasyna görä, Türkmenistan Hytaý ykdysadyýetiniň zerurlyklary üçin turbageçiriji gazyny üpjün etmekde 2020-nji ýylda-da öňdebaryjy bolupdy. Şonda onuň paýy Pekiniň bu energiýa göterijisiniň umumy importynyň 60%-ini (20,7 million tonna) düzýärdi. Şol döwürde Russiýa HHR-e takmynan 2,96 million tonna eksport etdi.