mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

«Merkezi Aziýada DÖM-nyň platformasyny döretmek» atly sebitleýin taslama işe başlady

view-icon 550
«Merkezi Aziýada DÖM-nyň platformasyny döretmek» atly sebitleýin taslama işe başlady

Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde BMG-niň ÖM tarapyndan amala aşyrylýan «Merkezi Aziýada DÖM-nyň platformasyny döretmek» atly sebitleýin taslama işe girizildi.

Resmi açylyş dabarasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şeýle hem halkara maliýe guramalarynyň we hökümete dahylsyz guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Sebitleýin taslama esasy sosial-ykdysady maksatnamalary seljermek we täzelemek, ÝB-niň sebitleýin maksatnamalarynyň DÖM-ny ýetmek boýunça netijeliligini ýokarlandyrmak işinde ýurtlara kömek bermek arkaly Merkezi Aziýada DÖM-nyň gazanylmagyny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşýanlar taslamanyň esasy bölekleri, ony durmuşa geçirmek ugrunda tagallalary birleşdirmegiň ýollary bilen tanyşdylar. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hünärmenleri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny bellemek bilen, ýurtda DÖM-na ýetmekde öňegidişlik görkezdiler.

Ýakynda Türkmenistanda DÖM-üň maglumatlaryny ýygnamak we ýaýratmak üçin, milli platformany döretmek işi tamamlandy.