mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 997

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 53-nji madda; 2013 ý., № 4, 78-nji madda):

giriş böleginde we 5-nji maddanyň ýigrimi bäşinji tesiminde «häkimiýeti we dolandyryş» diýen sözleri «häkimiýet» diýen söze çalşyrmaly;

10-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Ýokary hünär taýýarlykly ylmy işgärleri taýýarlamak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Aspirantura we doktorantura hakynda Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.»;

11-nji maddada «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly.

2. 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 17-nji madda; 2014 ý., № 2, 82-nji madda; 2017 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 110-njy madda; 2018 ý., № 2, 52-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; 2020 ý., № 3, 51-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 53-nji madda):

1) 6-njy maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Türkmenistanda aragatnaşyk babatda döwlet dolandyrylyşyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi amala aşyrýarlar.»;

2) 7-nji maddanyň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«4) aragatnaşyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşini üpjün etmek, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligine bu meseleler boýunça ygtyýarlyklar bermek;»;

3) 8-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň aragatnaşyk babatda ygtyýarlylygy

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi:

1) aragatnaşyk babatda milli resurslaryň paýlanylmagyny we peýdalanylmagyny hem goşmak bilen, aragatnaşyk babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;

2) aragatnaşyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we oňa gözegçilik edilmegini amala aşyrýar;

3) Türkmenistanda aragatnaşyk pudagyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň işlenip düzülmegini we durmuşa geçirilmegini guraýar;

4) aragatnaşyk babatda pudagara işi utgaşdyrýar;

5) aragatnaşygy ösdürmegiň milli we pudak maksatnamalaryny işläp düzýär we olaryň amala aşyrylmagyny guraýar;

6) Türkmenistanyň aragatnaşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip düzülmegini guraýar we tassyklaýar;

7) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine aragatnaşyk resurslaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça teklipleri girizýär;

8) radioýygylyk spektriniň netijeli peýdalanylmagynyň meýilleşdirilmegini guraýar;

9) aragatnaşyk hyzmatlary bazarynyň işlemegi üçin şertleri döredýär;

10) aragatnaşyk babatdaky milli resurslaryň dolandyrylmagyny guraýar;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, aragatnaşyk babatdaky işiň we kiberhowpsuzlyk babatda işiň ygtyýarlylandyrylmagyny amala aşyrýar;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýuridik we fiziki şahslaryň aragatnaşyk babatda gatnaşyklary düzgünleşdirmäge degişli meseleleri boýunça ýüztutmalaryna garaýar;

13) dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara degişli çäreleri geçirmekde ýardam edýär;

14) belgileýiş ulgamynyň işlenip düzülmegini we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň belgilenmeginiň meýilnamasynyň dolandyrylmagyny guraýar;

15) aragatnaşyk babatda ylmy taýdan işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyny, işgärleriň taýýarlanylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny guraýar;

16) aragatnaşyk babatda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

17) aragatnaşyk babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň öz ygtyýarlygynyň çäklerinde kabul eden kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň çäginde ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aragatnaşyk babatda işi amala aşyrýan we radioýygylyk spektrini peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslaryň aragatnaşyk obýektlerine barmaga hukugy bardyr.»;

4) 8-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«81-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň aragatnaşyk babatda ygtyýarlylygy

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi:

1) aragatnaşyk babatda milli resurslaryň paýlanylmagyny we peýdalanylmagyny hem goşmak bilen, aragatnaşyk babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

2) aragatnaşyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we oňa gözegçilik edilmegini öz ygtyýarlyklarynyň çäginde amala aşyrýar;

3) Türkmenistanda aragatnaşyk pudagyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

4) aragatnaşyk babatda pudagara işiň utgaşdyrylmagyna gatnaşýar;

5) aragatnaşygy ösdürmegiň milli we pudak maksatnamalarynyň işlenip düzülmegine we olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna gatnaşýar;

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine aragatnaşyk resurslaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça teklipleri berýär;

7) radioýygylyk spektriniň netijeli peýdalanylmagyny meýilleşdirýär;

8) aragatnaşyk hyzmatlary bazarynyň işlemegi üçin şertleri döredýär;

9) aragatnaşyk babatdaky milli resurslary dolandyrýar;

10) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde pudaklaýyn kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär we bellenen tertipde tassyklanylmagy üçin iberýär;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, aragatnaşyk babatdaky işiň we kiberhowpsuzlyk babatda işiň ygtyýarlylandyrylmagyna gatnaşýar;

12) aragatnaşyk serişdeleri şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirmek maksady bilen peýdalanylan halatynda, pudaga degişliligine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, tehniki serişdeleriň we telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk ulgamlarynyň işini togtadýar;

13) aragatnaşyk babatda döwlet tehniki gözegçilik barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýar;

14) adamlaryň janyna we saglygyna, daşky gurşawa hem-de ýaşaýyş ulgamlarynyň kadaly işlemegine howp döredýän aragatnaşyk ulgamlarynyň tehnologik enjamyny ulanmagyň, zähmeti goramagyň we howpsuzlyk tehnikasynyň kadalarynyň bozulmalary ýüze çykarylan mahalynda, aragatnaşygyň aýry-aýry serişdeleriniň ýa-da ulgamlarynyň işindäki bozulmalary düzetmek hakynda teklipnamalar iberýär;

15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýuridik we fiziki şahslaryň aragatnaşyk babatda gatnaşyklary düzgünleşdirmäge degişli meseleleri boýunça ýüztutmalaryna garaýar;

16) Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary bilen aragatnaşyk babatda milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça talaplary belleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ylalaşýar, şeýle hem olar bilen bilelikde aragatnaşyk babatda milli howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri boýunça aragatnaşyk operatorlarynyň işini utgaşdyrýar;

17) Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk hyzmatlaryny edýän ýuridik we fiziki şahslar bilen özara gatnaşyklary düzgünleşdirýär, olaryň özara hereketini utgaşdyrýar, olaryň telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň esasy hyzmatlaryny etmeginiň şertlerini kesgitleýär;

18) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde poçta markalarynyň, belgilenen bukjalaryň we gutlaglyklaryň çap edilmegini hem-de ýaýradylmagyny guraýar;

19) aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goraýar, aragatnaşyk operatorlary bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň özara gatnaşyklarynyň meselelerine garaýar;

20) dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara degişli çäreleri geçirmekde ýardam edýär;

21) belgileýiş ulgamyny işläp düzýär we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň belgilenmeginiň meýilnamasynyň dolandyrylmagyny amala aşyrýar;

22) aragatnaşyk babatda ylmy taýdan işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna, işgärleriň taýýarlanylmagyna we gaýtadan taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

23) aragatnaşyk babatda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

24) milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawyny hem-de milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawyny ýöredýär;

25) aragatnaşyk babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň öz ygtyýarlygynyň çäklerinde kabul eden kadalaşdyryjy namalary Türkmenistanyň çäginde ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aragatnaşyk babatda işi amala aşyrýan we radioýygylyk spektrini peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslaryň aragatnaşyk obýektlerine barmaga hukugy bardyr.»;

5) 11-nji maddada:

ikinji böleginde «Türkmenaragatnaşyk» diýen sözüň öňünden «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň» diýen sözleri goşmaly hem-de «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti» diýen sözleri «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji, bäşinji we altynjy böleklerinde «Türkmenaragatnaşyk» diýen sözüň öňünden «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň» diýen sözleri goşmaly;

6) 13-nji maddada:

ikinji böleginde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi» diýen sözleri «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji böleginde birinji «Türkmenaragatnaşyk» diýen sözüň öňünden «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň» diýen sözleri goşmaly, ikinji «Türkmenaragatnaşyk» agentligi» diýen sözleri «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 15-nji maddanyň üçünji böleginde birinji we soňky sözlemdäki «Türkmenaragatnaşyk» agentligi» diýen sözleri «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 17-nji maddanyň dördünji we altynjy böleklerinde, 33-nji maddanyň üçünji we altynjy böleklerinde, 48-nji maddanyň ikinji böleginde «Türkmenaragatnaşyk» diýen sözüň öňünden «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň» diýen sözleri goşmaly;

9) 29-njy maddanyň birinji böleginde we 31-nji maddanyň birinji böleginde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi» diýen sözleri «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4,
160-njy madda; 2017 ý., № 4, 173-nji madda; 2019 ý.,
№ 2, 39-njy madda; 2020 ý., № 3, 51-nji madda) 1-nji maddanyň birinji böleginiň 42-nji bendinde hem-de 111-nji maddanyň birinji böleginde «Türkmenaragatnaşyk» diýen sözüň öňünden «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň» diýen sözleri goşmaly.

4. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky «Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý.,
№ 4, 88-nji madda; 2019 ý., № 1, 13-nji madda; 2020 ý., № 3, 51-nji madda) ýazgysynda «Türkmenaragatnaşyk» diýen sözüň öňünden «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň» diýen sözleri goşmaly.

5. 2019-njy ýylyň 6-njy sentýabryndaky «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 3, 56-njy madda; 2020 ý., № 3, 51-nji madda):

1) 6-njy maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy (mundan beýläk — Ygtyýarly edara) hem-de bu ulgamda iş alyp barýan beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.»;

2) 8-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«8-nji madda. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ygtyýarlylygy

Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi:

1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;

2) döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.»;

3) 8-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«81-nji madda. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ygtyýarlylygy

Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;

3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.