Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 6394

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 80-nji madda, № 4, 137-nji we 179-njy maddalar; 2018 ý., № 4, 111-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda; 2020 ý., № 4, 86-njy madda):

4-nji maddanyň dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«- döwlet ýer gurluşygyny geçirmegiň, Döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegiň ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitlemek;»;

10-njy maddanyň on birinji tesiminde «, ýer kadastryny» diýen sözleri aýyrmaly;

14-nji maddanyň soňky tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«- Döwlet ýer kadastry hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet hasaba alyjylaryna döwlet ýer kadastr kitaplaryny ýöretmekde ýardam berýärler.»;

95-nji maddada:

adynda «alyp barmak» diýen sözleri «ýöretmek» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Döwlet ýer kadastryny ýöretmek döwlet ýer kadastr resminamalarynyň düzümine, mazmunyna we ony ýöretmegiň Tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.».

2. 1995-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen «Daýhan birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2007-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan rejelenen görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 38-nji madda; 2014 ý., № 2, 85-nji madda; 2015 ý., № 2, 72-nji madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) 16-njy maddasyndan soň, şu mazmunly maddany goşmaly:

«161-njy madda. Daýhan birleşikleri tarapyndan suwdan peýdalanylmagy

1. Daýhan birleşikleriniň oba hojalyk hajatlary üçin suw üpjünçiligi olar tarapyndan döwlet suw hojalyk guramalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda amala aşyrylýar.

2. Daýhan birleşiklerine oba hojalyk hajatlary üçin suwaryş suwy Türkmenistanyň suw kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde suw çeşmeleriniň suwlulygyny hasaba almak bilen we suwy sarp etmegiň çäklendirilen möçberlerine laýyklykda berilýär.

3. Içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlary hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalar Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde daýhan birleşiklerine eýelik etmäge, peýdalanmaga ýa-da eýeçilige berlip bilner.

4. Daýhan birleşikleri içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň, suw hojalyk desgalarynyň we gurluşlaryň ýagdaýyna we ulanylyşyna, şeýle hem degişli kärendeçileri we beýleki suwdan peýdalanyjylary suw serişdeleri bilen üpjün etmek üçin jogapkärçilik çekýärler.

5. Daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň daýhan birleşiginiň başlygy bilen olaryň ýolbaşçylarynyň ylalaşmaklary esasynda ýuridik şahsy döretmezden, suwdan peýdalanyjylaryň toparlaryny döretmäge hukuklary bardyr.

6. Daýhan birleşikleriniň içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň bölekleri hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalar suwdan peýdalanyjylaryň toparlaryna özara baglaşylan şertnamalar esasynda peýdalanmaga berlip bilner. Suwdan peýdalanyjylaryň toparlary özlerine peýdalanmaga berlen içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalaryň işjeň ýagdaýda saklanylmagyna we ulanylmagyna jogapkärçilik çekýärler.

7. Döwlet suw hojalyk guramalary daýhan birleşikleriniň ýüz tutmasy esasynda, olara içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlaryny hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalary, tehniki enjamlary işjeň ýagdaýda saklamakda we ulanmakda daýhan birleşikleriniň serişdeleriniň hasabyna tehniki kömekleri berýärler.

8. Daýhan birleşikleri suw serişdeleriniň netijeli we tygşytly peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirýärler.».

3. 2013-nji ýylyň 9-njy noýabrynda kabul edilen «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 75-nji madda; 2016 ý., № 1, 73-nji madda):

1) 6-njy maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Daýhan hojalygynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 5 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.»;

2) 10-njy maddadan soň, şu mazmunly maddany goşmaly:

«101-njy madda. Daýhan hojalyklary tarapyndan suwdan peýdalanylmagy

1. Daýhan hojalyklarynyň oba hojalyk hajatlary üçin suw üpjünçiligi olaryň döwlet suw hojalyk guramalary bilen baglaşan şertnamalary esasynda amala aşyrylýar.

2. Daýhan hojalyklaryna oba hojalyk hajatlary üçin suwaryş suwy Türkmenistanyň suw kanunçylygynda kesgitlenen tertipde suw çeşmeleriniň suwlulygyny hasaba almak bilen, suwy sarp etmegiň çäklendirilen möçberlerine laýyklykda berilýär.

3. Içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlary hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalar Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde daýhan hojalyklaryna eýelik etmäge, peýdalanmaga ýa-da eýeçilige berlip bilner.

4. Daýhan hojalyklary özlerine eýelik etmäge, peýdalanmaga ýa-da eýeçilige berlen içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalaryň işjeň ýagdaýda saklanylmagyna we ulanylmagyna jogapkärçilik çekýärler.

5. Döwlet suw hojalyk guramalary daýhan hojalyklarynyň ýüztutmasy esasynda, olaryň eýelik etmeginde, peýdalanmagynda ýa-da eýeçiliginde duran içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlaryny hem-de olarda ýerleşýän gidrotehniki desgalary we tehniki enjamlary işjeň ýagdaýda saklamak, ulanmak boýunça daýhan hojalyklarynyň serişdeleriniň hasabyna tehniki kömekleri berýärler.»;

3) 17-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Daýhan hojalygynyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary geçirmegi «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.