Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

view-icon 7240

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmeli we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1. 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 93-nji madda; 2017 ý.,
№ 3, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 91-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 47-nji madda) 10-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendini aýyrmaly we 2-38-nji bentleri degişlilikde 1-37-nji bentler diýip hasap etmeli.

2. 2021-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndaky «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 3-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 48-nji madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.