mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ömrüni sungata baglan

view-icon 2531
Ömrüni sungata baglan
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Tanymal bagşy Amanbibi Welmyradowa köp çagaly maşgalada ösüp kemala geldi. Mekdebi tamamlandan soň Amanbibi tutanýerliligi bilen Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Oňa sazdan gyjakçy Ata Ablyýew, wokaldan Durnazar Hudaýberenow sapak berýärler. Oňa tebigat jomartlyk bilen zehin eçilipdir welin, alan bilimi ussatlar sahnasyna çykmaga ýeterlik bolupdy. Ony filarmoniýanyň zenanlar horuna işe aldylar. Bir gezek halk saz gurallary ansamblynyň ýolbaşçysy Sahy Jepbarow oňa: «Gyzym! Aýdymy boýnuňa mündürme-de, sen aýdymy eýerle» – diýipdi. Ussat bagşynyň aýdany ýüregine jüňk bolsa-da, onuň manysyna şolbada düşünmedi. Wagt geçensoň Sahy Jepbarowyň aýdym aýdanda diňleýjilerden çekinmeli däldigini düşünipdi.

Şondan üç ýyl soň ony Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň halk saz gurallary ansamblyna işe çagyrdylar. Radioda we telewideniýede onuň mahmal owazy bilen «Siller galmaz», «Hemraýym», «Seýran eýledi» we beýleki aýdymlary ýaňlandy. Tanymal bagşy Nurjemal Adyýewa bilen tanyşýar. Ol belli bagşylar bilen Russiýada, Mongoliýada, ABŞ-da, Özbegistanda, Täjigistanda, Gazagystanda çykyş edýär. Gastrollarda häzirki zaman bagşy-kompozitorlar Ata Ablyýewiň, Ýolaman Nurymowyň, Akmyrat Çaryýewiň aýdymlaryny aýdýar.

Amanbibiniň labyzly sesi Moskwanyň simfoniki orkestriniň ýolbaşçysyna hem ýaraýar, ol bagşydan rus halk aýdymlaryny-da aýtmagy haýyş edýär. Tizara Amanbibi Welmyradowa «Oýan», «Şemşat», «Selbinyýaz», «Derýa», «Sen gelmediň», şeýle hem «Пряха», «Степь да степь кругом» ýaly rus, täjik we azerbaýjan aýdymlaryny aýdýar.

1973-nji ýyl Amanbibi üçin ýatdan çykmajak ýyl boldy. Şol ýyl režisýor Alty Garlyýew Hudaýberdi Durdyýewiň edebi ýazgysy esasynda ilkinji zenan bagşy barada filmi surata düşürip başlady. Filme saz ýazmagy Nury Halmämmedowdan haýyş etdiler. «Mukamyň syry» filmini surata düşürýänleriň ählisi türkmen sazynyň aşygydy. Hudaýberdi Durdyýewiň özi ýaş wagty Mylly Täçmyradowdan sapak hem alan eken.

Amanbibi Welmyradowa filmde Karkaranyň aýdymynyň döreýşini ýatlaýar. Hudaýberdi Durdyýew ilki dutarda saz çalýar, Nury Halmämmedowam ony nota geçirýär. Soň Nury Halmämmedow öz öýünde pianinoda, Amanbibi dutarda saz çalýarlar.

«Mukamyň syry» filmi ekrana çykandan soň, Amanbibi Welmyradowanyň meşhurlygy hasam artdy. Türkmenistanyň ähli künjeginde oňa «Bibi bagşy» we «Karkaranyň aýdymyny aýdan» diýýärdiler. Nirede çykyş etse-de ondan Karkaranyň aýdymyny aýtmagy haýyş ederdiler.

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen döwlet milli konserwatoriýasynyň talyplarydyr mugallymlary Amanbibi Welmyradowany 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutladylar.

– Döwlet Baştutanymyzyň tarapyndan halk bagşyçylyk däpleriniň dikeldilmegine uly üns berilýän we sungata sarpa goýulýan döwürde ýaşanym üçin men bagtly! – diýip ýubilýar aýtdy.