Ï Konstantin Sykulenko – göz keselleri institutynyň ilkinji ýolbaşçysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Konstantin Sykulenko – göz keselleri institutynyň ilkinji ýolbaşçysy

view-icon 4144
Konstantin Sykulenko – göz keselleri institutynyň ilkinji ýolbaşçysy

Şu ýyl Türkmenistanyň paýtagtyndaky göz keselleri ylmy-barlag institutynyň döredilenine 89 ýyl, onuň ilkinji direktory Konstantin Iwanowiç Sykulenkonyň hem doglan gününe 132 ýyl dolýar.

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda institutyň kemala gelýän döwri onuň işgärleriniň öňünde şol wagt üçin wajyp wezipe – trahoma we beýleki göz kesellerine garşy göreşiň usullaryny öwrenmek meselesi goýlupdy.

Bu ugurdan işleri guramak we alyp barmak üçin Odessadan professor K.Sykulenko çagyryldy. Ol Türkmenistanda guramaçylyk işleri bilen birlikde Odessada başlan fizika optikasy boýunça ylmy barlaglaryny-da dowam etdi. Onuň ýolbaşçylygynda trahoma, ýiti epidemiki konýuktiwite garşy işler işjeň alnyp baryldy. Institut ýurdumyzda oftalmologiýa edaralary ulgamyny döretmäge-de işjeň gatnaşdy.

Institutyň muzeýindäki maglumatlarda ylmy barlaglara onuň N.M.Pawlow, M.M.Pinýaýewa, S.A.Barhaş, Ýe.D.Blawatskaýa, S.M.Barg, I.W.Rubin, S.M.Şupak, M.S.Mersling, N.A.Wasilýewa we beýleki ençeme işgärleriniň çekilendigi bellenilýär. Erjel we netijeli iş netijesinde 1932-nji ýylda K.Sykulenkonyň redaksiýasy bilen institutyň ylmy işleriniň 1-nji jildi peýda bolýar. Kyrkynjy ýyllaryň başynda Odessanyň W.P.Filatow adyndaky institutynyň ewakuirlenen esasy işgärleriniň Türkmenistana gelmegi oftalmologlaryň ylmy-barlag, mugallymçylyk, bejeriş we guramaçylyk-usulyýet işlerini ençeme esse artdyramaga mümkinçilik berdi. Eýýäm kyrkynjy ýyllaryň ortasyna institutyň ylmy işleriniň 2-nji we 3-nji jiltleri neşir edilýär. Institutyň alymlary 50-nji ýyllara çenli Türkmenistanyň şertlerinde oftalmologiýanyň möhüm meseleleri boýunça ylmy barlaglar tapgyryny işläp taýýarlaýarlar.

1932-nji ýylda Türkmen lukmançylyk institutynda göz keselleri kafedrasy açylanda K. I.Sykulenko onuň ilkinji ýolbaşçysy bolýar. Köp ýyllyk amaly işlerde toplan baý tejribesini ol talyplaryna öwredýär. Bir salymdan S.Karanow, Ş. Şükürow ýaly başga-da ençeme milli hünärmenler ýetişýär, olar soňra ylmy derejelere eýe bolýarlar.

Lukmanlaryň we institutyň işgärleriniň tagallaasy bilen 60-njy ýyllaryň başyna trahoma köp ýaýran kesel hökmünde respublikada doly ýok edilýär. Şunda ýerli we odessaly lukmanlaryň, şol sanda K.I.Sykulenkonyň hyzmaty az däldir.

Türkmenistanyň ilkinji oftalmologlarynyň goýan binýady göz kesellerini bejermegiň beýleki ugurlaryny-da ösdürmäge mümkinçilik berdi.