mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Ýurdumyzda Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçiriler

view-icon 2990
Ýurdumyzda Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçiriler

4-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli, Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bu ugurdan öz bilimlerini barlamaga isleg bildirýän talyplar olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar. Gatnaşmak üçin talapnamalar 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

s.seydi-tdmi@yandex.ru elektron poçtasyna iberilýän talapnamada özüň (adyň, familiýaň, hünäriň we okaýan ýylyň) barada gysgaça maglumat bermeli.

Olimpiada iki ̶ «A» we «B» derejede geçiriler.

«A» derejedäki bäsleşige «Fizika» ugrundan okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

«B» derejedäki bäsleşige «Fizika» ugrundan başga ähli ugurlarda bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Her derejedäki bäsleşige bir ýokary okuw mekdepden 5 talyp gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Olimpiada bilen bagly degişli bildirişler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi saýtynda çap edilýär.

+99363100436, +99364717890 telefon belgiler boýunça goşmaça maglumatlary alyp bilersiňiz.