Ï Ýewraziýa Halkara kinofestiwaly ildeşlerimizi gatnaşmaga çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewraziýa Halkara kinofestiwaly ildeşlerimizi gatnaşmaga çagyrýar

view-icon 3637
Ýewraziýa Halkara kinofestiwaly ildeşlerimizi gatnaşmaga çagyrýar

Her ýyl geçirilýän 4-nji Ýewraziýa Halkara kinofestiwalyna (Eurasian Creative Guild Film Festival) gatnaşmaga isleg hatlary kabul edilýär.

Ýewraziýa sebitinde kinematografiýany ösdürmek üçin meýdança bolan bu kinofestiwal Ýewraziýa kinosyny iňlis dilli ýurtlarda ilerletmäge, kino sungatynyň wekillerini tütüş dünýäden professionallar bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp masalahtlaşmaga gönükdirilendir.

Bu çäre her ýyl Londonda «Romford Film Festival» britan kinofestiwalynyň çäklerinde geçirilýär. Işläp gelýän üç ýylynyň dowamynda dürli ýurtlardan – Gazagystandan, Russiýadan, Italiýadan, Finlandiýadan, ABŞ-dan, Belarus Respublikasyndan, Şwesiýadan, Germaniýadan, Eýrandan, Gruziýadan, Ermenistandan we beýleki ýurtlardan 150-den gowrak film görkezildi.

Kinofestiwalyň çäklerinde şeýle hem Ýewraziýa sungatynyň sergisi we «Silk Road Fashion Show» modaly lybaslar görkezilýär.

Oňa gatnaşmaga çeper we gysgametražly, animasion filmler, dokumental taslamalar, kitaplara treýlerler, edebi ýazgylar, aýdym-saz wideoşekilleri we ykjam wideolar teklip edilip bilner.

Festiwala gatnaşyjylar Ýewraziýa Döredijilik Gildiýasynyň agzalygyna kabul edilýär, ol sungatyň ähli ugurlarynda we görnüşlerinde döredijilik adamlaryny birleşdirmek üçin umumy meýdançadyr.

Işler «filmfreeway» meýdança arkaly diňe onlaýn teklip edilmelidir. Iňlis dilinden gaýry dillerdäki filmer subtitrli ýa-da iňlis diline terjime edilen bolmalydyr.

Teklip edilýän filmelre ygtybarly emin agzalary, şol sanda britan režisýory Spenser Hoken, ukrainaly režisýor, 3-nji Ýewraziýa kinofestiwalynyň ýeňijisi Sergeý Timçenko, lissabonly prodýuser Nuno Martini baha bererler.

Talapnamalar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli berilmeli. Saýlananlar 2022-nji ýylyň maýynda yglan ediler.

Festiwalyň şertleri bilen resmi saýtynda anyk tanşyp bolar.