mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Filosofiýa boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky Olimpiadanyň jemi jemlendi

view-icon 4414
Filosofiýa boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky Olimpiadanyň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň gurnan Türkmenistnanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen 2-nji Onlaýn olimpiadanyň ýeňijielri we baýrakly orunalry eýelänler belli boldy.

Olimpiada gatnaşanlar iki ugur boýunça ̶ birinjide, filosofiýa hünäri boýunça okaýan, ikinjide – beýleki hünärler boýunça okaýan talyplar bäsleşdiler.

Birinii ugurda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteitniň talypalry bäsleşdiler.

Netijede Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Jemile Myratgulyýewa, Leýli Allaberdiýewa, Altyn Tuwakbaýewa, Selbi Annamyradowa, Göwher Annamyradowa we Aýşat Meredowa birinji alty ornuň ählisini eýelediler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary ikinji 13 ornuň 10-syny, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary bolsa 9 üçünji ornuň altysyny eýelediler.

Ikinji ugur boýunça ýokary okuw mekdepleriň 6-syndan 10 ýeňiji kesgitlendi. 1-nji orny Kuwwatmämmet Hajyýew (HYYÖU), Wekil Bekmyradow (Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti), Batyr Gylyjow, Merjen Atamyradowa (Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti), Jennet Annabaýewa, Begli Geldiýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Didar Akyýew, Azire Şamyradowa, Gülruh Emelowa (S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty), Onbeg Hallyýew (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) eýelediler.

Ikinji ornuň 16-syny we üçünji ýeriň hem 11-sini (2-nji ugurdan) ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky TDU-nyň, ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Olimpiadanyň jemi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan ýeňijileriň 16-sy we baýrakly orunlary eýelänleriň 49-sy belli boldy. Talyplaryň 28-sine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Bir tapgyrda türkmen we iňlis dillerinde geçirilen bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň 13-sinden 180 talyp gatnaşdy. Filosofiýa boýunça 1-nji Onlaýn-olimpiadany geçen ýylyň dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti gurapdy.