Ï Olimpiadanyň jemleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Olimpiadanyň jemleri jemlendi

view-icon 5119
Olimpiadanyň jemleri jemlendi

Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniersitetiniň (HYYÖU) Türkmenistnanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guran "Häzirki zaman türkmen jemgyýeti" temasyndan onlaýn-olimpiadasynyň jemi boýunça ýeňijileriň 11-si we baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň 43-si aýan edildi.

Bilimiň bu ugrunda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň 6-sy, şeýle hem DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Gurbanjemal Egirjäýewa, Kuwwat Mämmedow we Serdar Rahymow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Şirin Garaýewa bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan Şöhle Abdyýewa 1-nji orna mynasyp boldular.

2-nji orunlaryň 18-sine hem-de üçünji ýerleriň 25-sine ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Inžner-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary mynasyp boldualr.

Ýeňijiler we baýrakly orunalry eýelänler diplomlar bilen sylaglandy.

Olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-sinden 120 talyp gatnaşdy. Ol bir tapgyrda türkmen we iňlis dillerinde geçirildi.