Ï Gaz pudagynyň ösüşi we eksporty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gaz pudagynyň ösüşi we eksporty

view-icon 4906
Gaz pudagynyň ösüşi we eksporty

Şu ýylda dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi energiýa gorlarynyň sarp edilişiniň artmagyna sebäp boldy. Aziýada we Ýewropada gazyň bahasynyň galmagyna, şeýle hem ykdysadyýeti durnuklaşdyrmak çärelerine garamazdan, öňdebaryjy seljeriş guramalary dünýäde gaz sarp edilişiniň orta we uzak wagtlap ep-esli ýokarlanjakdygyny çak edýärler.

«Mawy ýangyjyň» gory boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan onuň önümçiligini we eksportyny artdyrýar. Şu ýylyň on bir aýynda tebigy gaz almak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 121,4%-e, «mawy ýangyjyň» eksporty boýunça bolsa – 132%-e barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijileriň ösüş depgini, degişlilikde, 122,1 we 136,7% derejesinde üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýangyç we energiýa toplumynyň önümçilik we eksport mümkinçiligini has netijeli suratda durmuşa geçirmek zerurdyr. Içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän uglewodorod çig malyndan öndürilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak üçin gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine aýratyn üns bermelidir. Geologik gözleg işlerini çaltlaşdyrmak, gaz himiýasy pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, Hazardaky geljegi uly bolan nebit we gaz ýataklarynyň özleşdiriş depginini güýçlendirmek, türkmen «mawy ýangyjynyň» daşary ýurt bazarlaryna eksportynyň geografiýasyny giňeltmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak ileri tutulýan wezipelerdendir.

«Mawy ýangyç» söwdasy baradaky baglaşylan şertnamalar boýunça borçlarymyzy ýerine ýetirmek üçin, geljek ýyllarda «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişini we ýurduň beýleki uglewodorod ýataklaryndan goşmaça gaz alnyşyny güýçlendirmek göz öňünde tutulýar. Bu meseläniň derwaýyslygy Merkezi Aziýanyň özünde-de, Ýewropa sebitlerinde-de türkmen gazyna bolan islegiň artmagy tassyklaýar. Bilşimiz ýaly, şu tomus döwlet Baştutanymyz we Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýangyç-energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar we degişli edaralara Türkmenistandan Gyrgyzystana tebigy gaz, elektrik energiýasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gaz eltmäge degişli meseleleri öwrenmegi tabşyrdylar.

Türkmen gazyny Gazagystanyň bazaryna ibermek meselesi-de oktýabr aýynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary wagtynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň gaz eksportynyň ösmegine we diwersifikasiýasyna gaz öndürmekde we üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek barada Azerbaýjan we Eýran bilen gazanylan ylalaşyklar-da goşant goşýar.

Türkmenistan bilen Eýranyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, YHG-niň 15-nji sammitiniň geçirilen ýeri bolan Aşgabada saparyndan soň, EYR-niň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistan bilen ozal togtadylan gaz baradaky jedeliň oňyn çözülmegini saparynyň esasy netijeleriniň biri diýip atlandyrdy. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, gaz meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy netijesinde Eýranyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda şertnama baglaşylandygyny belledi. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kub metre çenli türkmen gazy şu ýylyň dekabryndan başlap Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberiler.

Ýewropada tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Trans-Hazar gaz geçirijisiniň taslamasyna we türkmen gazyna bolan gyzyklanmany artdyrdy. Şonuň bilen birlikde Türkmenistandan Ýewropa gaz daşamagyň amatly maýa goýumyny, köp wagt talap etmeýän oňyn ýollary hem teklip edilýär. «Türkmenistanyň nebiti we gazy, 2021» atly halkara forumda ABŞ-niň Türkmenistandaky öňki ilçisi we «Trans-Caspian Resources» (TCR) amerikan şereketiniň dolandyryjysy Alan Mastard Trans-Hazar birleşdirijisiniň — Hazar deňzine degişli ýalpak ýerlerdäki ýataklardan alynýan tebigy gazy Azerbaýjandaky energiýa infrastrukturasyna eltilmek üçin gaz geçirijisiniň taslamasyny hödürledi. Bu diýseň sada taslama, ol gurluşyk başlananyndan iki ýyl soň, eýýäm Türkmenistana Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýylda 10-12 milliard kub metr tebigy gazy eksport etmäge mümkinçilik döreder.