Ï Bitaraplyga bagyşlanan dabara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bitaraplyga bagyşlanan dabara

view-icon 6800
Bitaraplyga bagyşlanan dabara

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 26 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk duşuşygy boldy.

Baýramçylyk lyabsyna giren institut myhmanlary ýurdumyzyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň taýýarlan tematiki sergisi bilen garşy aldy. Türkmen žiwopis ussatlrynyň eserleri, haly önümleri bu ýere gelenlere sungat dili bilen Watanymyzyň şanly taryhy, Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň kuwwatly barada gürrüň berdiler.

Institutyň mejlisler otagynda dowam eden duşuşykda çäräniň guramaçysy – DIM-niň HGI-nyň mugallymlary hemişelik Bitaraplyk temasy boýunça çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň ýokary ähmiýeti we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy saklamakda hem-de hoşmeýillu döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm ähmiýeti nygtaldy. Oňa gatnaşanlar Birleşen Milletler Guramasynyň iki gezek ykrar eden ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä giňişligindäki abraýy barada buýsançly gürrüň etdiler.

Duşuşykda institutyň çeper höwesjeňleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan konsert bilen çykyş etdiler.