Ï Hakara bilermenleriniň okuw sapaklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hakara bilermenleriniň okuw sapaklary

view-icon 6090

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Gepleşikler prosesleri, käre ussatlyk we parahatçylyga hem-de howpsuzlyga ýardam etmäge inklýuziw gatnaşyk» temasyndan onlaýn-umumy saspaklar tapgyryny geçirýär.

Sapaklara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşýarlar. Okuw treninglerine ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary-da goşulýarlar.

Ýokary okuw mekdepleriň wekilleri bilen wideoaragatnaşyga halkara biermenler Belarus Respublikasynyň, Moldowanyň, ABŞ-nyň diplomatlary gatnaşýarlar. Sapakalr iňlis we rus dillerinde geçirilýär.

Gürrüň diplomatik gepleşikleri geçirmegiň usuly we strategiýasy, olary geçirmäge başarjaňlyk we ukyp, gepleşikleriň syrlary we düzgünleri barada gidýär. Tema halkara guramalarynyň, esasy halkara gepleşikler mekdepleriniň tejribesiniň hakyky mysalynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Oňa gatnaşýanlar diplomatik gepleşikleriň meňzeşligine, tapawudyna garaýarlar, dürli derejeleri, temalary we meseleleri bütewi netjiä getirmegi öwrenýärler. Umuman bu käre, diplomatlaryň öz işinde gabat gelýän wezipelerine we kynçylyklaryna üns berilýär.

Çäre Türkmenistanyň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň şu ýyldaky bilelikdäki maksatlaýyn taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär.

Umumy sapaklaryň temasy Türkmensitanyň halkara başlangyçlaryny goldamak we ilerletmek, şol sanda, mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylynda çäreler maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden wajypdyr.