Ï Uly çille
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uly çille

view-icon 6550
Uly çille

Türkmen halkymyzyň milli senenamasynda Uly çille gyşyň örküji hasaplanýar. Ol dekabr aýynyň 8-inden başlap, tä ýanwar aýynyň 17-sine çenli dowam edýär. «Çille» pars sözi bolup, «kyrk» diýen manyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çapdan çykan «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «Çille» sözüne: ÇILLE, at. Gyş paslynyň iň sowuk günleri, gyşyň örküji diýlip düşündiriş berilýär. Mundan başga-da sözlükde «Çille» bilen bagly Çille dolmak gyş pasly tamamlanmak, Çille mesi ýaly hiç hili aladasyz, gaýgysyz, mes, badyhowa, haýbatly (adam hakynda) düşündirişler hem berilýär.

Uly çille döwri kyrk gün dowam edýär. Ol döwür sowuk, garly, çygly howasy bilen tapawutlanýar. Uly çille çopandyr çoluklar üçin esasy jogapkärli möwsüm hasaplanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem çille bilen bagly «Kiçi çillede balam bolsaň damma, Uly çillede ganam bolsaň diňme», «Çille gary – ýeriň gany», «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz» ýaly pähimler bar.

Ata-babalarymyzyň «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz» diýşi ýaly, goý, gyşymyz gyşa, ýazymyz ýaza meňzesin!