mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Kanuny Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda

view-icon 614

Şu Kanun ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ýokanç däl keseller — genetiki, fiziologik, ekologik we özüňi alyp baryş ýagdaýlarynyň utgaşmasynyň täsiriniň netijesi bolup durýan saglyk ýagdaýynyň bozulmalarynyň topary.

Ýokanç däl keselleriň esasy görnüşlerine ýürek-damar keselleri (ýürek işemiýa keseli, arterial gipertoniýa, insult), onkologiýa keselleri (howply täze döremeler), öýkeniň obstruktiw keselleri (bronhial astma) we süýjüli diabet degişli bolup durýar;

2) ýokanç däl keselleriň öňüni almak — ýokanç däl keselleriň döremeginiň öňüniň alynmagyna, olaryň güýçlenmeginiň töwekgelçiliginiň sebäpleriniň aradan aýrylmagyna gönükdirilen çäreleriň toplumy;

3) dispanserleşdirmek — Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, dürli ugurly lukmanlar tarapyndan ilatyň anyk toparlary babatda amala aşyrylýan çäreleriň we barlaglaryň usullarynyň toplumy;

4) dispanser gözegçiligi — zerur öňüni alyş we bejeriş-anyklaýyş çärelerini yzygiderli geçirmek, öňüni almak we ýitileşmeleri we (ýa-da) gaýraüzülmeleri öz wagtynda ýüze çykarmak maksady bilen, ýokanç däl keselleriň esasy görnüşleri bilen näsaglan ýa-da olaryň güýçlenmeginiň ýokary töwekgelçiligi bolan adamlaryň işjeň lukmançylyk, şol sanda uzak aralykdan gözegçiligi, lukmançylyk taýdan dikeldilişiniň geçirilmegi;

5) öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesi — ýarawsyzlygyň ýagdaýlaryny, keselleri we olaryň güýçlenmeginiň töwekgelçiliginiň sebäplerini ir (öz wagtynda) ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän lukmançylyk gözden geçirmesi;

6) öz-özüňe gözegçilik etmegiň serişdeleri — näsagyň öz saglyk ýagdaýyna özbaşdak gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän lukmançylyk esbaplary (glýukometrler, tonometrler, pulsoksimetrler, piksfluometrler we beýlekiler);

7) saglygy goraýyş-durmuş goraglylygy — döwlet tarapyndan kepillendirilen hukuk, saglygy goraýyş, ykdysady we guramaçylyk-tehniki çäreleriň, şeýle hem ýokanç däl keselli näsaglara saglygy goraýyş-durmuş taýdan hyzmat etmegiň döwlet ulgamyny döretmek we onuň hereketini üpjün etmek arkaly durmuşa geçirilýän, ýokanç däl keselli näsaglaryň özleriniň saglygynyň goralmagyna we olaryň ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegine bolan esasy hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini, olar üçin jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmaga beýleki raýatlar bilen deň mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün edýän durmuş taýdan goldamagyň çäreleriniň ulgamy;

8) saglygy goraýyş-durmuş taýdan hyzmat etmek — öňüni alyş, bejeriş-anyklaýyş, saglygy dikeldiş, protez-ortopediýa taýdan hyzmat etmek, şeýle hem wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň tölenilmegini hem goşmak bilen, ýokanç däl keselli näsaglara, zähmete ukypsyz adamlara we maýyplygy bolan adamlara seretmek boýunça durmuş häsiýetli çäreler;

9) töwekgelçiligiň sebäpleri — ýokanç däl keseliň ýokary ähtimallyk bilen ösüşi, beterleşmegi we oňaýsyz tamamlanmagy bilen baglanyşygy bolan aýratyn häsiýetlendirmeler.

2-nji madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda 

Türkmenistanyň kanunçylygy

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem eger Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan/bolýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli edilýär.

4-nji madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda döwletsyýasatynyň esasy ugurlary 

1. Şular ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar:

1) ýokanç däl keselli näsaglaryň ýaşamagy hem-de saglygynyň goralmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi;

2) islendik ýaşdaky ýokanç däl keselli näsaglaryň ýaşamagynyň zerur durmuş derejesiniň saklanylmagy;

3) ýokanç däl keselli näsaglaryň jemgyýete has doly goşulyşmagy üçin päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy;

4) saglyk ýagdaýynyň gaýraüzülmeleriniň öňüni almak, ýatymlaýyn bejergä we gymmat bahaly ýokary tehnologiýaly gatyşylmalara mätäçligini peseltmek, şeýle hem biwagt ölümiň azaldylmagy üçin ýokanç däl keselleriň ýüze çykmagynyň ýokary töwekgelçiligi ýa-da ähtimallygy bolan adamlaryň saglygyny berkitmek, keseliň öňüni almak, ir ýüze çykarmak, bejermek we üznüksiz seretmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, saglygy berkitmek, keseliň öňüni almak, saglygyny bejermek we dikeltmek, palliatiw kömek bermek we esasy, howpsuz, ykdysady taýdan elýeterli, netijeli we oňat hilli derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň jemlenilmegi boýunça hyzmatlaryň bellenilen toplumyna deň elýeterliligiň üpjün edilmegi;

6) ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ilkinji ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň, şol sanda tölegsiz ýa-da ýeňillikli esasda saglygy goraýyş kömeginiň edilmegi;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde esasy ýokanç däl keselli näsaglaryň tölegsiz ýa-da ýeňillikli esasda derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegi;

9) ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň täze usullarynyň, täze saglygy goraýyş tehnologiýalarynyň, häzirki zaman derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň ornaşdyrylmagy;

10) ýokanç däl keselli näsaglaryň saglygy goraýyş-durmuş goraglylygy babatda deň hukuklaryň üpjün edilmegi;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bejermek üçin niýetlenen derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler Türkmenistana getirilende gümrük ýeňillikleriniň berilmegi;

12) ilata olaryň saglygy üçin töwekgelçiligiň sebäpleri hakynda habar bermäge, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklyga, ýagny fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, kiçi ýaşdan innowasion sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyny gazanmak üçin şertleriň döredilmegine we deliliň emele getirilmegine gönükdirilen habarlylyk-wagyz işleriniň geçirilmegi;

13) ekologik ýagdaýlaryň adamyň saglygyna edýän zyýanly täsirini azaltmak we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmegi;

14) ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň täze usullarynyň çaklanylmagy we işlenip düzülmegi babatynda ylmy barlaglaryň geçirilmegi;

15) ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça tagallalary artdyrmak üçin döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýat jemgyýetiniň we hususy bölegiň arasynda ähli derejelerdäki hyzmatdaşlyga ýardam etmek üçin özara gatnaşyklaryň amala aşyrylmagy;

16) ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça hyzmatlary etmek çygrynda çäreleriň meýilleşdirilmegi, durmuşa geçirilmegi, monitoringi we baha berilmegi üçin mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagy;

17) ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi.

2. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda döwlet syýasaty şular arkaly amala aşyrylýar:

1) ýokanç däl keselli näsaglaryň hukuklarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi;

2) ýokanç däl keselli näsaglaryň janynyň goralyp saklanylmagyny, olaryň hukuklarynyň goralmagyny, olaryň jemgyýetde talabalaýyk ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegini üpjün etmek maksady bilen, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy;

3) ýokanç däl keselli näsaglara saglygy goraýyş-durmuş taýdan hyzmat etmegiň döwlet standartlarynyň bellenilmegi we berjaý edilmegi;

4) ýokanç däl keselli näsaglaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy boýunça çäreleri amala aşyrýan ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy;

5) ýokanç däl keselli näsaglaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy üçin döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, wezipeli adamlaryň jogapkärçiliginiň bellenilmegi.

5-nji madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda işiň maliýeleşdirilmegi

1. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda işiň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça ýörite gaznanyň serişdeleriniň emele geliş çeşmeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

II BAP. ÝOKANÇ DÄL KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE OLARA GARŞY GÖREŞMEK ÇYGRYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE GÖZEGÇILIGI

6-njy madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda döwletdüzgünleşdirmesini we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarly edara), öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

7-nji madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaragarşy göreşmek çygrynda TürkmenistanyňMinistrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamany tassyklaýar;

4) ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

5) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça ýörite gaznany döredýär;

6) Saglyga zyýanly täsir edýän önümlere goşmaça töleg bellemegiň tertibini tassyklaýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

8-nji madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygryndaygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda ygtyýarly edara:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamany durmuşa geçirýär;

3) ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;

4) şulary işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürleýär:

a) Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamany;

b) ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin çykdajylary hasaba almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň emele getirilmegi boýunça teklipleri;

ç) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça ýörite gaznany döretmek barada teklipleri;

d) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde Saglyga zyýanly täsir edýän önümlere goşmaça töleg bellemegiň tertibini;

5) Ýokanç däl keselli näsaglara saglygy goraýyş kömegini etmegiň tertibini kesgitleýär;

6) Ýokanç däl kesellerden ejir çekýän adamlaryň dispanser hasaba alnyşyny we olara dispanser gözegçiligini ýöretmegiň tertibini tassyklaýar;

7) bejeriş-öňüni alyş edaralarynda ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň täze häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyny üpjün edýär;

8) ylmy-barlag işlerini geçirýär;

9) ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda işi amala aşyrýan saglygy goraýyş işgärleriniň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan taýýarlygyny üpjün edýär;

10) ýokanç däl keselli näsaglary ýüze çykarmak, olary bejermek, olara dispanser gözegçiligini etmek, durmuş kömegini etmek boýunça çäreleri guraýar;

11) ýokanç däl keseller bilen baglanyşykly öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş çärelerini geçirýär;

12) halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär;

13) esasy ýokanç däl keselli näsaglara berilýän tölegsiz ýa-da ýeňillikli derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň, saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryň sanawyny kesgitleýär;

14) «Saglyk mekdebi» hakynda düzgünnamany işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

9-njy madda. Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetirijihäkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerliöz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýokançdäl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda ygtyýarlylygy

Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;

2) Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

3) ygtyýarly edara bilen özara hereket edýärler;

4) ilatyň arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça düşündiriş işlerini geçirýärler;

5) ygtyýarly edara bilen ylalaşyp, degişli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda «Saglyk mekdebini» döredýärler hem-de onuň işini guraýarlar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda özleriniň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

III BAP. ÝOKANÇ DÄL KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÇYGRYNDAKY IŞIŇ GURAMAÇYLYK ESASLARY

10-njy madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak çygryndaky işi guramak

1. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak çygryndaky işi guramak şular arkaly amala aşyrylýar:

1) ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça maksatnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek;

2) ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary ir ýüze çykarmak, olaryň güýçlenmeginiň töwekgelçiliginiň sebäplerini aradan aýyrmak, ýüze çykarylan sebäpleri düzetmek, saglyk ýagdaýynyň gaýraüzülmelerini ir anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak, şeýle hem ýokanç däl keselli ýa-da olaryň güýçlenmeginiň ýokary töwekgelçiligi bolan näsaglara dispanser gözegçiligi boýunça çäreleri amala aşyrmak;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, saglygy goraýyş kömegini guramak.

2. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak çygryndaky işi guramak we sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saglygy goraýyş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

11-nji madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça çäreler

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek şular arkaly amala aşyrylýar:

1) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň edilmegi, ýokanç däl keselli näsaglaryň saglygy goraýyş hyzmatlary bilen gurşalmagy;

2) sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň esasy şertleriniň bozulmalaryny, ýokanç däl keselleriň ýaýramak töwekgelçiliginiň sebäplerini ýüze çykarmak;

3) ýokanç däl keselleriň ýaýramak töwekgelçiliginiň sebäplerini düzetmek (aradan aýyrmak ýa-da derejesini peseltmek), saglyk ýagdaýynyň gaýraüzülmeleriniň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek;

4) dispanserleşdirmegi we öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmeleri geçirmek;

5) ýokanç däl keselli näsaglaryň, şeýle hem ýürek-damar keselleriniň ýokary ösüş töwekgelçiligi bolan adamlaryň dispanserleşdirilmegini we dispanser gözegçiligini geçirmek;

6) şypahana bejergisini guramak;

7) gigiýena aň-bilim, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy wagyz etmek maksady bilen, elektron maglumat serişdelerine we maglumat ulgamlaryna, maglumat-aragatnaşyk torlaryna elýeterliligi guramak boýunça çäreleri geçirmek;

8) fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, kiçi ýaşdan innowasion sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak üçin şertleriň döredilmegine we deliliň emele getirilmegine ýardam etmek.

12-nji madda. Ýokanç däl keselli näsaglaryň dispanserleşdirilmegini we öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesini geçirmek

1. Dispanserleşdirmek ýokanç däl keselli näsaglary düýpli barlamak arkaly şu maksatlar bilen geçirilýär:

1) Türkmenistanyň ilatynyň maýyp bolmagynyň we biwagt ölüminiň esasy sebäbi bolup durýan esasy ýokanç däl keselleri (ýagdaýlary), olaryň güýçlenmeginiň esasy töwekgelçiliginiň sebäplerini ir ýüze çykarmak;

2) ýüze çykarylan esasy ýokanç däl keselleri bolan we olaryň güýçlenmeginiň töwekgelçiliginiň sebäpleri bolan adamlaryň saglyk ýagdaýynyň toparyny kesgitlemek, olar üçin zerur öňüni alyş, dikeldiş we sagaldyş çärelerini geçirmek;

3) ýüze çykarylan esasy ýokanç däl keselleri bolan we olaryň güýçlenmeginiň töwekgelçiliginiň sebäpleri bolan adamlar üçin gysgaça öňüni alyş maslahatynyň berilmegini, ýokary we örän ýokary jemlenip alnan ýürek-damar töwekgelçiligi bolan adamlaryň ýekelikdäki çuňlaşdyrylan we toparlaýyn öňüni alyş maslahatynyň (saglyk mekdebi) berilmegini geçirmek;

4) dispanser gözegçilik toparyny kesgitlemek.

2. Ýokanç däl keselli näsaglaryň öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesi her ýyl şular ýaly geçirilýär:

1) özbaşdak çäre hökmünde;

2) dispanserleşdirmegiň çäklerinde;

3) dispanser gözegçiliginiň (gözden geçirmegiň, maslahat bermegiň) çäklerinde.

3. Ýokanç däl keselli näsaglar özleriniň ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini alýan saglygy goraýyş edaralarynda öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesinden geçýärler.

4. Öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesi ýokanç däl keselli näsaglaryň ýa-da olaryň kanuny wekilleriniň (eger şeýle adamlaryň öz ýagdaýyna görä, saglygy goraýyş gatyşylmasyna razylyk bermäge ukyby bolmasa, kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlar babatynda) meýletin razylygy bilen geçirilýär.

Ýokanç däl keselli näsaglar öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirilmesinden, umuman, ýa-da öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesine girýän saglygy goraýyş gatyşylmasynyň aýry-aýry görnüşlerinden ýüz öwürmäge haklydyr.

5. Maýyplygyň we biwagt ölümiň öňüni almak maksady bilen, degişli saglygy goraýyş edaralary tarapyndan kesgitli ýaşa ýeten adamlaryň (erkekler üçin — 45 — 62 ýaş, zenanlar üçin — 45 — 57 ýaş) öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesi geçirilýär.

13-nji madda. Ýokanç däl keselli näsaglaryň belligealynmagy, dispanser hasaba alynmagynyňýöredilmegi we olara dispanser gözegçiligi

1. Ýokanç däl keselli näsaglaryň bellige alynmagy, dispanser hasaba alynmagynyň ýöredilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşyrynlygyň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar.

2. Ýokanç däl keselli näsaglaryň dispanser hasaba alynmagynyň ýöredilmeginiň we olara dispanser gözegçiliginiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

IV BAP. ÝOKANÇ DÄL KESELLI NÄSAGLARYŇ HUKUKLARY WE BORCLARY. SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERINIŇ DURMUŞ GORAGLYLYGY

14-nji madda. Ýokanç däl keselli näsaglaryň esasy hukuklary

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýokanç däl keselli näsaglara saglygynyň goralmagyna bolan hukuk döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

2. Ýokanç däl keselli näsaglaryň şulara hukugy bardyr:

1) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa, tiz, gaýragoýulmasyz, ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömeginiň hünär derejeli saglygy goraýyş hyzmatlaryny almaga, ýokanç däl keselleriň gaýraüzülmeleriniň öňüniň alynmagyna;

2) ýokanç däl keselleri bejermegiň görnüşleriniň we usullarynyň elýeterliligine;

3) lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň netijenamasy boýunça degişli döwlet saglygy goraýyş edaralarynda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlagyna;

4) degişli saglyk öýünde gatnawly şertlerde saglygy goraýyş hyzmatlaryna we saglygy goraýyş kömegine;

5) ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanan Esasy (ýaşaýyş üçin wajyp) derman serişdeleriniň sanawyna laýyklykda, maşgala lukmanynyň dermannamasy esasynda zerur derman serişdeleri bilen üpjün edilmegine;

6) lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň netijenamasy esasynda öz-özüňe gözegçilik etmegiň serişdeleri bilen üpjün edilmegine;

7) saglygy goraýyş kömegini almaga, öz islegi boýunça saglygy goraýyş hyzmatlaryndan tölegli esasda peýdalanmaga;

8) ýokanç däl kesel we onuň gaýraüzülmeleri barada maglumatlaryň, saglygy goraýyş edarasynyň saglygy goraýyş işgärine saglygy goraýyş-durmuş kömegini edende özüne belli bolan şahsy häsiýetli beýleki maglumatlaryň ýaşyrynlygyna;

9) kämillik ýaşyna ýetmedik adamlary, zähmete ukyply adamlary we gartaşan adamlary hem goşmak bilen, ýokanç däl keselli ähli näsaglaryň öz başarnyklaryny amala aşyrmagy üçin deň şertleriň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegine;

10) saglygy goraýyş-durmuş taýdan hyzmat etmegiň guralyşyny we görnüşini saýlamaga.

15-nji madda. Ýokanç däl keselli näsaglaryň esasy borçlary

Şular ýokanç däl keselli näsaglaryň esasy borçlary bolup durýar:

1) öz saglygyny gorap saklamak we berkitmek hakynda alada etmek, fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, kiçi ýaşdan innowasion sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak;

2) öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesini we bejergini öz wagtynda geçmek;

3) kesel kesgitlemesini anyklamak we bejergi üçin zerur bolan ähli maglumaty lukmana habar bermek;

4) bejeriji lukmanyň ähli görkezmelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmek;

5) saglygy goraýyş edarasynyň içerki tertip-düzgüniniň kadalaryny berjaý etmek we onuň emlägine aýawly garamak;

6) beýleki näsaglaryň hukuklaryna, azatlyklaryna we kanuny bähbitlerine hormat goýmak.

16-njy madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaragarşy göreşmek çygrynda işi amala aşyrýansaglygy goraýyş işgärleriniň durmuş goraglylygy

Ýokanç däl keselli näsaglary irki döwürde ýüze çykarandygy, ýokanç däl keselleriň gaýraüzülmeleriniň öňüni almaklygy we bejermekligi amala aşyrandygy üçin saglygy goraýyş işgärlerine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, höweslendirmeler bellenilip bilner.

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

17-nji madda. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygryndahalkara hyzmatdaşlyk

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda halkara hyzmatdaşlyk şulara ýardam etmek üçin amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamany durmuşa geçirmeklige;

2) ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagy we gözegçilik edilmegi üçin bellenilen hyzmatlar toplumyna deň elýeterliligi üpjün etmekde, şol sanda göni döwlet sargydy esasynda derman serişdelerini we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri satyn almak arkaly ygtyýarly edara;

3) ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda işi amala aşyrýan saglygy goraýyş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmakda we olaryň gaýtadan taýýarlanylmagynda;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki wezipeleriň amala aşyrylmagynda.

18-nji madda. Lukmançylyk syrynyň berjaý edilmegi

Gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen bagly öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesiniň geçirilmeginiň netijeleri hakynda, şeýle hem ýokanç däl keselli näsaglar hakynda maglumatlar özlerine mälim bolan saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleri olary gizlin saklamaga borçludyrlar.

19-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

20-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

21-nji madda. Şu Kanunyň herekete girizilmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.