Ï Jemgyýetçilik ulaglarynda gatnawlar mugt bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemgyýetçilik ulaglarynda gatnawlar mugt bolar

view-icon 4375
Jemgyýetçilik ulaglarynda gatnawlar mugt bolar

2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda we 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmensitanyň jemgyýetçilik ulaglary ýolagçylary mugt gatnadarlar. Döwlet Baştutanymyz bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli tabşyryk berdi.

Aşgabatda awtobuslar 31-nji dekabrda irden sagat 06.00-dan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda gije sagat 02.00-a çenli şäher ugurlary boýunça gatnarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz bu çäreleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapan döwlet syýasaty bilen baglylykda amala aşyrylýandygyny nygtady.