Ï Maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maslahat geçirildi

view-icon 6541
Maslahat geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Iki günlük maslahata çäräni guran institutyň we paýtagtymyzyň daşary ýurt dilleri öwrenilýan beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda bolan çykyşlarda we wideotanyşdyryşlarda ýokary okuw mekdeplerinde 4 ýyllap milli konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça meýilnama laýyklykda täzelenen görnüşde amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän uly möçberli işler barada gürrüň edildi.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmäge esaslanýan innowasion usulýetiniň üstünlikli ulanylýandygy bellenildi. Işiň çäklerinde bilim işiniň ähli derejesinde okatmak maksatnamalary we okuw meýilnamalary, mugallymlary taýýarlamak hem-de olaryň hünärini ýokarlandyrmak, bu ugurdaky okuw-usulýet binýady kämilleşdirildi.

Daşary ýurt dilleri fakultetleriniň talyplary myhmanlara manyly we tematiki wideoşekilleri görkezdiler. Maslahatda BMG-niň resmi alty dilinde – arap, ispan, rus, iňlis, hytaý, fransuz dillerinde çykyş edilmegi milli bilimiň, hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary derejesini görkezdi.

Maslahatda milli Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça amal edilen işleriň jemi jemlenildi we gazanylan netijeler beýan edildi, ony durmuşa geçirmegiň ähli ugurlary hem-de tapgyrlary netijeli boldy.

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edildi. Üç tapgyrdan ybarat bu Konsepsiýanyň häzir üçünji tapgyry dowam edýär.

Onuň birinji tapgyryna 2018-nji ýylda, ikinjisi 2019-2020-nji ýyllarda amal edildi. Üçünji, jemleýji (2021-2024ýý.) tapgyry Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanşykly ulgamyny döretmegi maksat edinýär.

Häzirki Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky günlerde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýene bir dabaraly waka – 2021-2022-nji okuw ýylynyň başyndan bäri ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky döwlet we halkara olimpiadalarynda ýeňiş gazananlary hem-de baýrakly orunlary eýelänleri sylaglamak dabarasy boldy. Diplomlary we medallary gowşurmak dabarasyna bu institutyň we halkara bäsleşiklerine, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň howandarlgynda geçirilen olimpiadalara bilelikde gatnaşan beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Soňra talyplaryň gazanan üstünliklerine we Täze ýyl baýramyna bagyşlanan konsert boldy.

Talyplaryň taýýarlan sahna oýunlaryna, aýdym-tanslaryna we goşgularyna bu ýere gelenler ýokary baha berdiler. Talyplar öz çykyşlarynda diňe bir daşary ýurt dillerini däl, eýsem dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetini, däplerini we taryhyny hem gowy bilýändiklerini görkezdielr.