mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

view-icon 3640
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, mugallymlar we talyplar hem-de mili habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasowyň, ýurdumyzyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýewiň we beýlekileriň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda, hususan-da Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň netijelerine, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde möhüm tapgyr bolan Türkmenistanda geçirilen iri halkara çärleriň, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň we «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň netijelerine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýyl Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçiriler. Maslahatyň dowamynda bu şygaryň türkmen halkynyň öňe sürlen özgertmeleriň strategiki ugrunyň dowam edilmegine bolan ygrarlylygyň subutnamasy bolup durýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hem halkara ulgamynda bu ýörelgelerden ugur aljakdygy nygtaldy.

Maslahatda aýdylyşy ýaly, täze, 2022-nji ýylyň gün tertibiniň ähmiýetli we mazmuna baý bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň nobatdaky altynjy sammiti, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň halkara maslahaty, «Merkezi Aziýa we Russiýa» Parlamentara forumy we beýleki wajyp halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Çykyş edenler biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryň we teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam edilmeginiň aýratyn zerurlygyny nygtadylar hem-de Döwlet Baştutanynyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen Ählumumy başlangyjyň kemala getirilmegi baradaky pikiriniň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.