Ï Serişdeler gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýetiň geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Serişdeler gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýetiň geljegi

view-icon 5441
Serişdeler gaýtadan  dikeldilýän ykdysadyýetiň geljegi

Golaýda Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi «Ekonlaýn Interneýşnl» JÇJ hem-de DEKONTA kompaniýasy bilen bilelikde galyndylary gaýtyadan işleýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň mümkinçiligini güýçlendirmek: serişdeler gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýet we galyndylary dolandyrmak» atly jemleýji webinar boldy, onda galyndylary ulanmak boýunça häzirki hereket edýän Milli strategiýa maslahatlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taslamanyň bilime gönükdirilendigi göz öňünde tutulyp, ony durmuşa geçirmegiň başlangyç tapgyrynda taslamanyň websaýty döredildi, onuň kontenti yzygiderli doldurylýar we ol Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine berler.

Galyndylary ýerliksiz ulanmagyň ýaramaz netijeleri barada geçen ýyl guramaçylaryň döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, hususy kärhanalaryň, ylym edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ilatyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň bu ugurda ölçegleri we kanunlary barada habardarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam eden webinarlaryň birnäçesi geçirildi.

Halkara bilermenleri webinara gatnaşyjylara iň gowy we elýeter tehnologiýalary, öňdebaryjy halkara pudaklaýyn iş tejribelerini, şeýle hem galyndylary dolandyrmak boýunça häzirkizaman strategiýalaryny görkezdiler. Serişdeler gaýtadn dikeldilýan ykdysadyýet meseleleri boýunça bilermenleriň kömegi bilen sebitiň we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň öňdebaryjy mysallaryna garaldy we olar öwrenildi.

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçileriniň gatnaşmagynda galyndylary peýdalanmak boýunça «tegelek stol » geçirildi. Olar galyndylary gaýtadan işlemegiň, şeýle hem öndürijiniň giňeldilen jogapkärçiliginiň görnüşlerini we usullaryny girizmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Galyndylary ulanmak boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Interaktiw görnüşde geçirilen webinarlaryň jemi boýunça bu ugurda döwrebap ýörelgeler bilen sazlaşykly Türkmenistanyň galyndylary ulanmak boýunça bütewi Milli strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurlygy barada netijä gelindi.

Bilim webinarlaryna gatnaşanlara ady ýazylan sertifikatlar gowşuryldy, ozal taýýarlanan sowalnama maglumatlarynyň we tanyşdyryşlaryň ählisi «Ekonlaýn Interneýşnl» JÇJ-niň faýl gorunda ýerleşdirildi hem-de geljekde ulanmak üçin webinarlara gatnaşanlara berildi.

Degişli guramalaryň wekilleriniň gatnaşan jemleýji webinarynyň jemi boýunça Türkmenistanda galyndylary ulanmak babatda teklip edilýän maslahatlaryň degerlidigi we hemmetaraplaýynlygy bellenildi.

Oňa gatnaşanlar galyndylary ulanmak boýunça bütewi strategiýanyň kabul edilmeginiň, şeýle hem ministrlikler bilen pudaklaýyn edaralaryň, hususy pudagyň hem-de akademiki guramalaryň işleriniň sazlaşygynyň bu ugurda iş alyp barmaga hem-de serişdeler gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýeti ulanmak boýunça strategik maksatlary hem-de wezipeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigi barada pikir bilen ylalaşdylar.