Ï Türkmen talyplary Halkara olimpiadasynda üstünlik gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Halkara olimpiadasynda üstünlik gazandylar

view-icon 6308
Türkmen talyplary Halkara olimpiadasynda  üstünlik gazandylar

Dürli derejeli medallaryň 22-sini eýeläp, türkmenistanly talyplar Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň geçiren matematika boýunça 15-nji Halkara internet-olimpiadasynda ajaýyp üstünlik gazandylar.

Emin agzalarynyň karary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Jepbar Asgarowyň ýolbaşçylygyndaky şu ýokary okuw mekdebiniň toparyna altyn medal berildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary ş.), Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz ş.), ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat ş.),Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitertiniň  hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň milli ýygyndylary kümüş medallaryň 11-sini we bürünç medallaryň 10-syny eýelediler.

Bäsleşik iki bölümden: blis-ýaryşdan we toparlaýyn birinjilikden ybarat boldy. Ol üç dilde: iňlis, rus we iwrit dillerinde geçirildi.

Matematika bäsleşigine dünýä ýurtlarynyň onusyndan 100 toparyň hatarynda 400-den gowrak talyp gatnaşdy. Olaryň arasynda –ABŞ, Beýik Britaniýa, Belarus, Polşa, Çehiýa, Russiýa, Rumyniýa, Hindistan, Ysraýyl döwletleri bar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriiniň 10-synyň talyplar ýygyndylary Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Olimpiadada Oksford uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa), G.W. Plehanow adyndaky Russiýa ykdysadyýet uniwersitetiniň, M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa), A.I. Kuza adyndaky Ýassy uniwersitetiniň (Rumyniýa) talyplary çykyş etdiler.

Olimpiadanyň jemi boýunça oňa gatnaşan ýurtlardan matematika boýunça gowy netije görkezenleriň 86-synyň ady bellenildi. Olaryň 22-si abraýly Halkara bäsleşiginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik eden türkmenistanly talyplardyr.