mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aşgabatda taksi çagyrmak aňsat we oňaýly boldy

view-icon 3143
Aşgabatda taksi çagyrmak aňsat we oňaýly boldy

Awtomobil ulag hyzmatlary ÝGPJ-niň ornaşdyran täze hyzmaty netijesinde 0555 gysga belgi bilen şäher taksisi 24/7 düzgünde hemişe elýeterli boldy.

«Türkmenawtoulag» agentliginiň resmi saýtynda gysga belgi hyzmaty müşderilere edilýän hyzmaty has-da gowulandyrmak, şeýle hem aňsat ýatda saklamak üçin girizildi.

Indi müşderi 0555 gysga belgini aýlap gije-gündiziň dowamynda islendik wagt taksi çagyryp biler.

Öňki hereket edýän 76-05-01, 76-05-02, 76-05-03 belgiler bilen hem çagyryp bolýar.

Taksi çagyrmak gullugy elýeterli bahadan gowy hyzmat edýär.

Ir sagat 06-00-dan 14-00-a çenli täksi çagyrmak hyzmaty 7 manat. Soňra şäher içinde her kilometr ýola 1 manat 20 teňňe tölemeli. Eger taksi gelip müşderä 2 minutdan kän garaşsa, garaşan her minudyna 70 teňňe alynýar.

Sagat 14-00-dan irden 06-00-a çenli taksi çagyrmak hyzmaty 9 manat. Soňra şäher içinde her kilometr ýola 1 manat 44 teňňe tölemeli. Eger taksi gelip müşderä 2 minutdan kän garaşsa, garaşan her minudyna 90 teňňe alynýar.

Taksi hyzmatynyň iň az tölegi 20 manatdyr.