mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Narpyz – myhmansöýerlik oty

view-icon 4336
Narpyz – myhmansöýerlik oty

Hemmämiziň belet otumyz narpyz, hakykatdan, taryhda yz galdyran we häzirem isleg bildirilýän güýçli derman serişdesi eken.

Birnäçe müň ýyl mundan ozal gadymy grekler narpyzy atyr we aşhanada jaz hökmünde ulanypdyrlar; rimliler bolsa onuň esasynda diş mäjumyny we derman ýasapdyrlar. Bu köptaraply ösümlik barada ilkinji ýazmaça maglumat Ebers Papirusumda – biziň eýýamymyzdan öňki 1550-nji ýylda ýazylan gadymy Müsür lukmançylyk risalasynda bar, bu ýerde narpyz gan aýlanyşyny gowulaşdyrmak we bedeni arassalamak üçin ajaýyp serişde hökmünde maslahat berilýär.

Orta asyrlarda narpyzyň başga bir täsirli aýratynlygy ýüze çykarylypdyr. Bu otuň mör-möjeklere garşy göreşde kömegi degipdir. Tebipler ony şeýle bir öwüpdirler welin, XVIII asyrdan başlap ony ýörite ösdürip ýetişdirmeli bolupdyr – ýabany ösýän hoşboý ysly gyrymsy agaçlar indi uly we barha artyp barýan islegi kanagatlandyrmandyr.

Häzirki zaman fitoterapiýasyny ter we guradylan narpyzsyz, şeýle hem gymmat bahaly efir komponenti bolan narpyz ýagy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Narpyza şu günlerem diňe bir hoşboý ysly ot däl, eýsem dermanlyk we azyk önümi hökmünde-de isleg bidirilýär. Aşpezler bu oty burç narpyzy, şokolad narpyzy, alma narpyzy we, hatda pyrtykal narpyzy diýip bölýärler, bularda biri-biri bilen tozga geçirme arkaly ajaýyp ysly gibridleri döretmek mümkin. Bu işde uly ýeňillik narpyzyň dandawsyzlygydyr – gowy ösmegi üçin, oňa diňe gyş doňmaýan ýyly toprak gerek. Narpyzyň, hatda, daglarda ösýän dürli görnüşleri-de bar. Umuman alanyňda, botanikaçylar onuň üç müňden gowrak görnüşiniň bardygyny aýdýarlar.

Gadymy ýazarlar narpyzy myhmansöýerligiň nyşany diýip atlandyrypdyrlar, sebäbi sarpaly myhmanlar gelmezden ozal, grek öýleriniň toýun pollaryna bu oty seripdirler we myhman narpyzyň üstünden basanda, onuň ýakymly ysy tutuş otaga ýaýrapdyr. Rowaýatlarda bu ösümligiň ýüze çykmagyny Aidiň aýaly Persefona bilen baglanyşdyrýarlar – gabanjaňlyk girdabyna düşen aýal Hudaý rakybyny görmeksiz bir topbak ota öwrüpdir, mundan hapa bolan Hudaý bolsa onuň jadysyny açyp bilmänsoň, oňa ýakymly, hoşboý ys beripdir.

Türkmen halk lukmançylygynda narpysyň löti we şiresi diş agyrynyň, guragyrynyň, ýürek we bagyr keselleriniň, aşgazan başynyň dermany we gakylyk bölüp çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar. Narpyzyň peýdaly dermanlyk häsiýetleriniň jikme-jik beýanyny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ensiklopediýasyndan tapylyp bilersiňiz.