XII asyr türkmen binagärliginiň özboluşly ýadygärliginjiň biri Sotan Sanjaryň aramgähidir. Seljuklar neberesiniň iň soňky hökümdary Soltan Muiz ud-Din Abul-Haris Ahmad Sanjar ibn Mälik şa I döwlet başyndaka Merw şäheri seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolýar. Ýurtda dürli ylymlar, medeniýet we sungat ösdürilýär. Soltan Sanjar hökümdarlyk eden döwri Merw obserwatoriýasynda astronom, matematik we şahyr Omar Haýýam işläpdir. Beýik taryhçy as-Samani Merwiň taryhy hakda 20 jiltlik ylmy iş ýazypdyr.
Ahmad 12 ýaşynda Horasan şäheriniň häkimligine bellenilýär. 18 ýaşynda garahanlylaryň goşunyny derbi-dagyn edip, serkerdelik başarnygyny görkezýär.
Aramgähiň içindäki ýazgylar binany Muhammet ibn Atsyz as-Saragsynyň gurandygyna şaýatlyk edýär. Ussa seljuk türkmenelriniň arasynda iň zehnli binagärleriň biri bolan.
Aramgäh köşkli we juma metjitli toplumyň esasy bölegi bolupdyr. Häzirki bina mongollaryň 1221-1222-nji ýyllarda Merwi weýran edenden soň abat galan ýeke-täk binadyr.
Sotangala şäheriniň merkezinde ýerleşýän binanyň beýikligi 38 metr. Binanyň düýbüniň galyňlygy 5 metr. Kerpiçden örülen iki gat gümmeziň (onuň gögümtil-mawy daşky örtügi saklanmandyr) aşagynda bir-biriniň içinden geçýän arkaly galareýa bar. Bu binagärlik usuly şondan üç asyr soň Florensiýadaky Santa-Mariýa-del-Fýero kafedral ybadathanasynyň gümmezi gurlanda ulanylýar.
Aramgähiň girelgesindäki arap ýazgylary bu ýerleriň keramatlydygyny beýan edýär. Ýazgylarda Soltan Sanjar öz döwründe adalatly, alymlardyr şahyrlaryň howandary bolandygyny, ylymlar we sungat arkaly abadançylyk hem bagtyýarlygyň höküm sürendigi diýlip bellenilýär.
Aramgäh baradaky ilkinji ýazgylar orta asyr awtorlarynyň işlerinde gabat gelýär. Mongollaryň çozuşyndan öň XIII asyryň başynda Merwe baryp gören belli arap syýahatçysy, geografiýaçy we taryhçy Ýakut al-Hamawi bu bina barada: «Onuň depesindäki mawy gümmez bir menzilden göze ilýär» - diýip ýazypdyr,
Häzirem bu kaşaň bina zyýaratçylaryň we syýahatçylaryň ençemesiniň gelýän ýurdumyzyň iň belli gözel ýerleriniň biridir.