mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda bulutly we ýagyşly howa garaşylýar

view-icon 2272
Türkmenistanda bulutly we ýagyşly howa garaşylýar

Türkmenistanda şu hepde bulutly we ýagyşly howa bolar. Her welaýatda dürli depginde sowuk ýagyn ýagar, howa ortaça gündizlerine +17 bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly, ir bilen ümürli howa bolar. Hepdäniň başynda howanyň ýylylygy gündizlerine +10...+12°C, gijelerine +1...+3°C bolar. Sişenbe güni bulutly howa bolar. Hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar, dynç günlerinde ýagyn güýçlener. Ýekşenbe güni gar gatyşykly ýagşyň ýagmagy mümkin. Howa gündizlerine +6…+9°C, gijelerine –1… gradusdan +1 gradus aralygynda bolar.

Ahal welaýatynda az-kem ýagyş ýagar. Gündizlerine bulutly, howanyň temperaturasy +9...+14°C, gijelerine –2… gradusdan +3 gradus bolar. Dynç günleri ýagyn güýçlener, howa gündizlerine +5 gradusdan ...+10°C, gijelerine 0… gradusdan +5°C-a çenli salkynlar. Gar we ýagyş ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ümürli howa bolar. Gysga wagtlyk ýagyş ýagar. Gündizlerine +8… gradusdan +13 gradusa çenli maýyl, gijelerine –1… gradçusdan +4 gradusa çenli salkyn bolar. Şenbe we ýekşenbe günleri howa sowap, temperatura +8…+9°C çenli, gijelerine +1… gradusdan +6°C çenli bolar. Kenarýakalarynda +3... gradusdan +8°C çenli howa bolar.

Mary welaýatynda güneşli we açyk howa bolar. Şeýle-de bolsa, hepdäniň ortalarynda Gün bulutlaryň aňyrsynda gizlener, gündizlerine bu ýerde +10...+15°C, gijelerine +1...+6°C maýyl howa bolar. Dynç günleri az-kem ýagyş ýagmagy mümkin, howanyň temperaturasy gündizlerine +5... +10°C, gijelerine –2...+3°C çenli salkynlar.

Ygal Lebap welaýatyndan-da sowa geçmez, howa bulutly bolar. Gündizlerine +7...+12°C maýyl, hepdäniň ortasynda howa salkynlap, gündizlerine +3 ... +8°C, gijelerine –3…+2°C-dan +1… +6°C çenli bolar. Ýagyş dynç günleri ýagar diýlip çak edilýär.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ümürli howa bolar. Gündizlerine +2...+7°C aralygynda, gijelerine –2…–7°C-dan –4…+1°C aralygynda sowuk bolar. Anna we ýekşenbe günleri ygalyň köp boljagy çak edilýär. Termometr sütünleri gündizlerine –1…+4°C-a düşer. Gijelerine –2…–7°C aralygynda bolar.