mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ildeşlerimiz Merkezi Aziýada gender deňligi boýunça okuwa gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 2357
Ildeşlerimiz Merkezi Aziýada gender deňligi boýunça okuwa gatnaşmaga çagyrylýar

Ýurdumyzyň wekilleri Merkezi Aziýada gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak (GEWE) babatynda öz bilimlerini artdyrmak boýunça okuwlara gatnaşmaga çagyrylýar.

Al-Farabi adyndaky Gazagystan Milli Uniwersitetiniň ÝUNESKO-nyň žurnalistika we aragatnaşyk bölüminiň Gazagystanda «BMG-zenanlar» bilen bilelikde guran bu okuwy gender taýdan deňlik düşünjesini iş ýüzünde ulanmaga we durmuşa geçirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýanyň bäş döwletlerinde ̶ Türkmenistanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Gazagystanda we Özbegistanda bu ugurda işleýän hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we zenanlaryň hukuklary bilen baglylykda iş geçirýän beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşyp bilerler. Okuw 2022-nji ýylyň 25-nji fewralyndan 1-nji martyna çenli rus dilinde geçiriler.

Okuwa gatnaşjaklar «BMG-zenanlar» guramasynyň hünärmen tälimçileri bilen bilelikde derwaýys meseleler boýunça pikir alşyp we toparlaýyn interaktiw okuwlaryň bir bölegi bolup bilerler.

Okuwa gatnaşmak üçin ýazylmak 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli dowam eder.