Ï «Zoluşka» ýaşajyk tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Zoluşka» ýaşajyk tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar

view-icon 9024
«Zoluşka» ýaşajyk tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry bilen çagalaryň arasynda ýyllaryň dowamynda dörän mäkäm dostluk dowam edýär. Teatryň sahnasynda ertekileriň gahrymanlary janlanýar. Ýanwar aýynda çagalar «Bremenli sazandalar», «Girdenek we Karlson», «Gyzyl şyrdajyk», «Sere boýly gyzjagaz», «Prostakwaşinoly üçler», «Zoluşka» atly ajaýyp çaga oýunlaryna tomaşa etdiler.


Eýsem-de bolsa, gowy repertuary saýlamak üstünligiň diňe bir bölegidir. Ýaşajyk tomaşaçylaryň göwünlerini awlamak üçin A. S. Puşkiniň adyny göterýän teatryň aktýorlary elde baryny edýärler. Baryp-ha 2000-nji ýyldan-da ozal Renat Ismailow tarapyndan goýlan «Zoluşka» oýny muňa mysal bolup biler. Bu oýun studiýa-mekdebiň okuwçylary üçin diplom işidi, ýöne ol şeýle bir şowly çykdy welin, henize çenli sahnadan düşmän gelýär.

Ýaş aktrisa Anna Hommadowa Zoluşkanyň keşbini ýerine ýetirdi. Ol, hakykatdan-da, Zoluşka hökmünde kabul edilýärdi – näzikdi, hoşgylawdy. Aýlar Baýramowanyň ýerine ýetiren syratly hem gözel jadygöýi, hakykatdan-da, hut jadygöýüň özüdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Larisa Kosonogowa şermende öweý enäniň keşbini şeýle bir «ýerine ýetirip» oýnady welin, bu keşbiň hötdesinden başga biriniň şondan gowy gelip biljegini göz öňüne getirmek-de kyndy.

Şeýlelikde Tamara Gabbäniň «Zoluşka» ertekisini özi üçin ilkinji gezek açýan oglan-gyzjagazlar sahnada ygtybarly gahrymanlary görýärler. Zoluşkanyň şa gyzyna öwrülişi baradaky bu täsin erteki bilen tanyşlar bolsa eýýäm aňlarynda ornaşan tanyş keşplerine duşarlar.

Artistler hoşlaşmak üçin sahna çykan dessine ýaşajyk teatrsöýüjiler göwünlerine ýaran aktýorlaryny çaga sowgatlary – oýunjakdyr şokolad bilen sylaglamak üçin sahna çykdylar. Elbetde Zoluşka bilen jadygöý gyza hemmeden köp sowgat ýetdi.