mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ulag diplomatiýasy: ösüş strategiýasy we geljegi

view-icon 4501
Ulag diplomatiýasy: ösüş strategiýasy we geljegi

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ürkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan hoşallyk dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň we paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Hoşallyk dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň prorektory G.Penaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy P.Çaryýew, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy O.Seýitjanowa, «Türkmendemirýollary» agentliginiň gatnatmalar we logistika bölüminiň başlygy A.Hudaýberdiýew, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň-Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy A.Aşyrowa, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Uçarbeletler gullugynyň uçarbeledi Z.Täçmammedowa, hem-de Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Gümrük gözegçiligi guramak bölüminiň müdiriniň orunbasary K.Berdiýew çykyş etdiler.

Çykyşlarda halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde gazanylan netijelere üns çekildi. Hususan-da, milli Liderimiziň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy hakynda aýratyn bellenilip geçildi.

Dabaranyň ahyrynda gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler, şeýle hem parahatçylygy, dostlukly döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge, halkara durnuklulygyny we howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilen syýasatyň ýokary ähmiýetini nygtadylar.