Türkmenistanda ilkinji bahar baýramy – Halkara zenanlar gününi giňden bellemäge taýýarlyk görülýär. Medeni çäreleriň meýilnamasynda 1-2-nji marta «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» halkara maslahaty we sergisi, köp çagaly eneleri dabaraly gutlamak, ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi we başga-da ençeme dabaralar bar.
Enä, zenanlara, onuň zähmetine we zehinine hormat goýmak – halkymyzyň köp asyrlyk däpleriniň biridir, ol Garaşsyzlyk ýyllarynda güýçli ösüşe eýe bolup, häzirkizaman gender deňligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Onuň konstitusion we hukuk esaslarynyň ösdürilmegi netijesinde zenanlaryň bilim, beden taýdan we intellektual ösüşi, erkin we netijeli zähmeti, olaryň döredijilik hem-de telekeçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ähli şertler döredildi. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda zenanlar döwlet edaralarynda, şol sanda parlamentiň iki palatasynda hem zähmet çekýärler.
Türkmenistan aýallar babatda ähli görnüşlerdäki kemsitmeleri ýazgaryp, jyns alamaty boýunça islendik tapawuda, aradan aýyrma we çäklendirmä ýol bermezlik syýasatyny yzygiderli hem-de gyşarnyksyz ýöredýär. Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyny ykrar etmek we halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, adam hukuklary hakynda esasy halkara namalaryna, şol sanda, Aýallaryň hukuklary hakynda jarnamalara we konwensiýalara goşuldy.
Türkmenistan bu milletler bileleşiginiň möhüm halkara-hukuk resminamalarynyň biri bolan BMG-niň Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda halkara Konwesiýasyny 1996-njy ýylda tassyklady. Bulardan başga-da, Türkmenistan «Jyns kemsidilmeginiň ähli formalaryny ýok etmek hakynda» Halkara Konwensiýasyna, «Aýallar babatynda hukuklary kemsitmegiň ähli formalaryny ýok etmek hakynda Konwensiýa», bu babatdaky Fakultatiw teswirnama, Aýallaryň syýasy hukuklary barada Konwensiýa, Zähmetiň Halkara Guramasynyň «Erkek adamlary we aýallary deň ähmiýetli zähmeti üçin deň derejede sylaglamak hakynda» we beýleki Konwensiýalaryna goşuldy. BMG-niň bütin dünýädäki aýallaryň ýagdaýyna täsirini ýetirýän, maksady gender deňsizligini ýok etmäge gönükdirilen Pekin Deklarasiýasynyň şertlerini kabul etdi.
Türkmenistanda döwlet gender syýasatynyň strategik ugurlaryny we ileri tutulýan esasy ugurlaryny kesgitleýän ählumumy maksatlaýyn resminama bolan 2021-2025-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň ikinji meýilnamasy üstünlikli durmuşa geirilýär.
Ýurdumyz diňe bir milli derejede zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini ýokarlandyrmak boýunça işleri yzygiderli amala aşyryp, eýsem sebit hem-de ählumumy derejelerde hem gender deňligini gazanmaga goşant goşmaga çalyşýar. Geçen ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda sebitiň gender deňligi meselesi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitde zenanlary goldamak, olaryň syýasy, ykdysady we durmuş ähmiýetini ýokarlandyrmagy we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldamagyna işläp başlan formal däl sebit meýdançasyna 2022-nji ýylda Türkmenistan başlyklyk edýär. Ol durnukly ösüş bilen baglanşykly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmeklige güýçli täsir edýär.