Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow indiki saýlanjak Prezidentiň Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlan ýoluny dowam etdirmegine umyt edýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa adyna ýollan hatynda bellenilýär.
«Siziň golaýdaky aýgytly syýasy ädimiňiziň türkmen döwletiniň durnukly ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Indiki saýlanjak Prezidentiň Siziň başlan ýoluňyzy dowam etdirmegine umyt edýärin» diýlip, gyrgyz Lideriniň hatynda aýdylýar.
Sadyr Žaparow türkmen döwletiniň bitewüliginiň we ösüşiniň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işinde türkmen halky tarapyndan ýokary baha beriljekdigine ynanýar.
«Iki halkyň arasynda hakyky doganlygy we ynanyşmagy berkarar etmekde ýurduň Lideri hökmünde Siziň amala aşyrýan işiňiziň ähmiýeti uludyr. Siziň gatnaşmagyňyzda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň berkden-berk tutulan binýadynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna umyt edýärin» diýip, Sadyr Žaparow hatynda nygtady.
Gyrgyzystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.