Ï Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýeralma ekişine başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýeralma ekişine başladylar

view-icon 6699
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýeralma ekişine başladylar

Bu ýyl Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň ekin ýerleri 8,8 müň gektar meýdany tutar. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ep-esli köp. Bu ýerleriň esasy bölegi – üç müň gektara golaýy – Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýerleşýär. Bu ekin üçin iki müň gektar töweregi ýer bölünip berlen S.A.Nyýazow adyndaky etrap ýene-de ýeralma öndürýän iri etrap bolar. Ekiljek ýeralmanyň ýeterlik mukdary we zerur enjamlaryň taýýar bolmagy welaýatyň daýhanlaryna bu jogapkärli agrotehniki möwsümi bellenen wagtda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde, esasan, ýerli toprak-howa şertlerinde ösmäge ýaramly, ýokary hasylly, idege dannawsyz we kesellere durnukly, orta hem ir ýetişýän görnüşleri ösdürilip ýetişdiriler.

Ýurdumyzda, şol sanda oba hojalygynda-da kiçi we orta telekeçilige berilýän goldawa laýyklykda, döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işine we Daşoguz welaýatynda ýeralma öndürmäge işjeň gatnaşmagyny höweslendirmek maksady bilen, ýerli daýhan hojalyklary bilen birlikde hususy telekeçilik düzümleri hem işjeň gatnaşýarlar.