Ï Meýletinçiler üçin okuw onlaýn-seminarlar tapgyry çäklerindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meýletinçiler üçin okuw onlaýn-seminarlar tapgyry çäklerindäki duşuşyk

view-icon 4099
Meýletinçiler üçin okuw onlaýn-seminarlar tapgyry çäklerindäki duşuşyk

Ýurdumyzyň meýletinçiler hereketiniň wekilleri we oňa gatnaşmak isleýän talyplar üçin nobatdaky duşuşyk okuw seminarlary tapgyrlaýyn dowam etdi.

Duşuşygy Türkmensitanyň Bilim minsitrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyeti bilelikde guradylar.

Sanly wideoaragatnaşyk duşuşygy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny birleşdirdi.

Seminarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy ýaşlaryň ekologiýa medeniýeti temasyndan çykyş etdi.

Talyplar bilen söhbetdeşlikde meýletinçiler hereketiniň agzalarynyň ara alnyp maslahatlaşylýan tema düşünmekleriniň wajyplygyna, şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek boýunça ýaş meýletinçileriň başlangyçlarynyň ähmiýetine, tebigata aýawly garamak we daşky gurşaw hakynda aladany wagyz etmek işinde olaryň tutýan ornuna üns çekildi.

Duşuşyk oňa gatnaşýanlaryň janly, gyzyklanma bildirýän we oňyn söhbetdeşliginde geçdi. Ýurdumyzda indi meýletinçiler hereketi giňden ýaýrandyr. Ekologiýa, şeýle hem durmuş, sport meýletinçiligi, jemgyýetçilik we haýyr-sahawat çärelerine işjeň gatnaşmak – bularyň ählisi melýetinçiler hereketiniň wekilleriniň durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.

Meýletinçiler mekdep okuwçylary üçin dürli çäreleri geçirýärler, sport ýaryşlaryny guraýarlar, ýaşululara kömek edýärler, bag nahallaryny oturdýarlar, tebigaty zir-zibilden arassalamak boýunça çäreleri geçirýärler we başga-da ençeme asylly hem peýdaly işleri amal edýärler.

Meýletinçiler üçin okuw seminarlarynyň guramaçylarynyň bellemegine görä, ýaşlar hemişe kömege gaýymdyrlar, olar meýletinçilik işine gyzyklanýarlar we köplenç maksatlaýyn täze başlangyçlary öňe sürýärler.

Meýletinçiler üçin okuw seminarlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin yzygiderli geçirilýän çäreler bolup, Türkmenistanda meýletinçiler işiniň giň ugruny öz içine alýar.