Ï Hoş geldiň, dalaşgär!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hoş geldiň, dalaşgär!

view-icon 8316
Hoş geldiň, dalaşgär!

Häzirki ýaz günleri, öňden gelýän däbe görä, ýokary okuw mekdepleri Açyk gapylar gününi geçirmäge taýýarlyk görýärler. Ol ýokary okuw mekdepleri we geljekki käri saýlamakçy bolýan ýa-da eýýäm saýlan ýaşlar üçin jogapkärli çäredir. Açyk gapylar günleri ýokary okuw mekdepleriniň durmuşy, okuw maksatnamalary bilen ýakyndan tanyşmaga, fakultetleriň wekilleri bilen söhbetdeş bolmaga, şeýle hem okuwa girmek meselesi boýunça degerli maslahat almaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2022-2023-nji ýyllarda okuwa girmäge höwesekler üçin Açyk gapylar günlerini yglan etdi. Şy ýylyň 15-nji aprelinde sagat 15:00-da Dipolamtiýa ýokary okuw mekdebi paýtagtymyzdaky 21-nji, 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryny Açyk gapylar gününe çagyrýar. 22-nji aprelde sagat 15:00-da harby gullugy tamamlan, önümçilikde işleýän ýaşlary hem şeýle çärä çagyrýar.

Daşalgärlere Türkmenistanytň daşary syýasat ugry, daşary ykdysady gatnaşyklary, milli bilim we ylym ulgamyndaky özgertmeler barada gürrüň berýän wideofilm görkeziler. Bezegli diwarçalar dölwetimiziň syýasatyny, diplomatiýasyny, ösüşini beýan eder. Dalaşgärler institutyň taýýarlaýan ugurlary, fakultetleri we kafedralary hakda ýetik maglumat alarlar. Ýaşlar üçin institutyň kompýuter, lingafon, interaktiw okuw otaglaryna, sinhron terjime otaglaryna, «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine, okuw studiýasyna gezelenç guralar. Şeýle hem olar Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy-usulyýet merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkezi we institutyň düzümindäki Ýaş diplomatlar merkezi bilen tanşarlar.

Bu duşuşyklar institutyň myhmanlary üçin möhüm, peýdaly we gyzykly bolar. Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy salgyda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna hoş geldiňiz!