Ï Türkmenistandan konteýner ýükli otly Hytaýa bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistandan konteýner ýükli otly Hytaýa bardy

view-icon 3500
Türkmenistandan konteýner ýükli otly Hytaýa bardy

Türkmenistandan Gazagystanyň üsti bilen ugradylan konteýner ýükli otly bäş günden Hytaýa bardy.

Konteýner ýükli otluda gips ýüklenen kyrk futluk konteýnerleriň 42-si bar. Türkmenistandan we Gazagystandan ýüküň bellenilen ýerine çenli uzaklygy 4150 kilometr bolup, onuň 3450 kilometri Gazagystanyň içinden geçýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden ugradylan konteýner ýükli otlynyň ekspeditory «KTZ Express» PJ we «Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ-dir.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ (TULM) 2018-nji ýylda döredildi we daşalýan halkara hem-de poçta ýükleriniň möçberini artdyrmaga ýardam etdi. Merkez howa, demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglary bilen ýük daşalmagyny gurap, ýerli we daşary ýurtly hyzmatdaşlara ulag-logistika hyzmatlarynyň giň görnüşini teklip edýär.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ şeýle hem Hytaýdan Türkmenistana demir ýol konteýner ýüküni getirmegi gurady, ilkinji sostaw 2020-nji ýylyň maý aýynda Gypjak stansiýasyna gelipdi.

Türkmenistan açyk gapylar syýasatyny alyp barmak bilen häzirkzaman logistika arkaly tutuş Ýewraziýa giňişligini birleşdirmäge çalyşýar. Ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşişi oňa geljegi uly we bäsdeşlige ukyply multimodal görnüşli halkara ulag geçelgelerinden we logistika merkezlerdinden ybarat ulag makrodüzümini döretmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem ýurdumyzda ulag logistikasyny ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge niýetlenen uly möçberli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda tutuş Ýewraziýa yklymynda döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegine ýardam edýän döwrebap logistika ulgamy döredilýär. Indi ýurdumyzyň ulag düzümi ulaglaryň ähli görnüşiniň – deňiz, demir ýol, awtomobil, awiasiýa, turba geçiriji, elektrik geçiriji ýük akymlaryny dolandyrmaga mümkinçilik aldy. Türkmenistanda eýýäm her dürli serişdeleri ugratmagyň iň çylşyrymly görnüşleri amala aşyrylýar. Şunda ulag düzümi iberilýän ýükleriň ugurlaryny, wagtyny we ýüklenilmek, täzeden ýüklemek we wagtlaýyn saklamak işleriniň amatly bolmagyny gazanmak boýunça logistiki hasaplamalary geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň syýasy we ykdysady durnuklylygy bilen üpjün edilýän ösen ulag düzümleri hem-de ýük akymlarynyň howpsuzlugynyň kepili şeýle ulgamy döretmek üçin esasdyr.