Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde onlaýn görnüşinde «Ýürege tarap ýol» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligi, Ýüpek ýolynyň ýürek sazlaşygynyň Jemgyýeti, şeýle hem Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.
Maslahata saglygy goraýyş ugry boýunça Türkmenistanyň, Gruziýanyň, ABŞ-nyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda interwasion kordiologiýa we aritmologiýa bejerişiň innowasion usulyna seredildi. Gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalary, aritmiýany, ýürek ýetmezçiligi, şeýle hem beýleki ýürek-damar keselini anyklaýyş we bejeriş usulyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň soňunda türkmen we gruzin hünärmenleri gelejekde hem bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge isleglerini bildirdiler.