Ï Türkmenistan – Ewropa: Ylym – bilim hyzmatdaşlygyň ösüşiniň depgini
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Ewropa: Ylym-bilim hyzmatdaşlygyň ösüşiniň depgini

view-icon 6722
Türkmenistan – Ewropa: Ylym-bilim hyzmatdaşlygyň ösüşiniň depgini

Türkmenistanda Ewropa Bileleşigiň «ERASMUS+» maksatnamasynyň howandarlygynda «Geçiş ykdysadyýetli döwletler üçin senagat telekeçiligini dolandyrmakda magistr maksatnamasyny kämilleşdirmek – MIETC» atly taslama üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«MIETC» taslamanyň işine türkmen tarapyndan Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de onuň Tehnologiýalar merkezi gatnaşýarlar we olaryň talyplary, mugallymlary we hünärmenleri meýilnama laýyklykda sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçirýärler.

Senagat telekeçiligi pudagynda hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak halk hojalygynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaý nazardan bu taslama Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki zaman özgertmelerine, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet okuw maksatnamalaryna laýyk gelýändigini belleýäris.

Taslamanyň işine daşary ýurtdan Ispaniýa Patyşalygynyň Santýago de Kompostela uniwersiteti (taslamany Ýewropa tarapyndan utgaşdyryjy), Italiýa Respublikasynyň Neapoldaky Federiko II uniwersiteti, Sloweniýa Respublikasynyň Lýublyana uniwersiteti, D.Serikbaýew adyndaky Gündogar Gazagystan döwlet Tehniki uniwersiteti, Gazagystan Respublikasynyň Alyjylar Bileleşiginiň Karaganda uniwersiteti, Täjigistan döwlet söwda uniwersiteti, Täjigistan Tehnologiýa uniwersiteti gatnaşýarlar.

Taslamanyň esasy maksady Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda senagat ykdysadyýeti boýunça döwrebap okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam etmekden ybarat. Taslamanyň çäklerinde halkara ülňülerine gabat gelýän okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, senagat ykdysadyýeti boýunça 30-a golaý hünärmenleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak hem-de hyzmatdaş edaralar üçin tehniki kömek we okuw materiallary bermek göz öňünde tutulýar. Taslama 2020-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap, 36 aýa meýilleşdirilýär.

Taslama tamamlanandan soň, Türkmenistanyň ykdysady ugurlar boýunça uniwersitetlerinde Bolonýa ýörelgelerine laýyklykda okatmagyň we öwretmegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamasy bilim ulgamynda we ýaş hünärmenleri taýýarlamakda Ýewropada we halkara hyzmatdaşlygy pudagynda 20 ýyldan gowrak tejribe gazanan üstünliklere esaslanýar. Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS + okuw maksatnamasy, bilimiň dürli ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegi, täze zähmet bazaryna gatnaşyjylary çekmegi, täze pikirleri we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini höweslendirmegi maksat edinýär.

Rüstem Hajyýew, 
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Halkara gatnaşyklar bölüminiň hünärmeni.