Ï Türkmenistanyň Kanuny «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 27119

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 80-nji madda, № 4, 137-nji we 179-njy maddalar; 2018 ý., № 4, 111-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda; 2020 ý., № 4, 86-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 142-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 10-njy maddanyň on ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň möçberlerini hem-de ol tölegleri hasaplamagyň we tölemegiň Tertibini tassyklaýar;»;

2) 11-nji maddanyň birinji böleginiň on üçünji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:

«- ýerden peýdalanmak hukugyna we ýere kärende hukugyna güwä geçýän resminamalar berleninden soňra, her aýyň 1-indäki ýagdaýyna görä, olaryň nusgalaryny hem-de ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň anyk hasaplanan möçberleri baradaky maglumatlary degişli häkimlige hem-de maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň degişli salgyt edarasyna (mundan beýläk — salgyt edarasy) iberýär;

- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagynda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde ýardamlary berýär;

- ýer böleklerini peýdalanmaga we kärendesine alan taraplaryň her biri boýunça ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň möçberleriniň hasaplanyşy hem-de salgyt edarasy tarapyndan berlen tölegler baradaky maglumatlar boýunça her çärýekde degişli häkimlik we salgyt edarasy bilen deňeşdirme seljerişi boýunça işine gatnaşýar;»;

3) 12-nji maddanyň birinji böleginde:

sekizinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň doly we öz wagtynda tölenilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;»;

sekizinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«- deňeşdirme seljerişi boýunça geçirilen işiň netijelerine laýyklykda, ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişi baradaky maglumatlary jemleýärler;»;

4) 13-nji maddada:

sekizinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň doly we öz wagtynda tölenilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;»;

sekizinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«- ýer böleklerini peýdalanmaga we kärendesine alan taraplaryň her biri boýunça ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişiniň hasabyny ýöredýärler hem-de her çärýekde ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy we degişli salgyt edarasy bilen deňeşdirme seljerişi boýunça işi geçirýärler, onuň netijeleri barada maglumatlary degişlilikde welaýat, Aşgabat şäher häkimligine berýärler;»;

5) 29-njy maddanyň dördünji tesimini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

6) 49-njy maddanyň birinji böleginiň altynjy tesiminde birinji «kärende» diýen sözüň öňünden «ýer üçin» diýen sözleri goşmaly;

7) IX babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi hem-de gelip gowuşýan serişdeleri peýdalanmak»;

8) 55-nji maddada:

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi»;

birinji bölekde «kärende» diýen sözüň öňünden «ýer üçin» diýen sözleri goşmaly;

ikinji bölekde:

birinji tesimde «Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiliginde, şeýle hem» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji tesimde «bellenilýär» diýen sözi «tassyklanylýar» diýen söze çalşyrmaly;

üçünji bölekde:

birinji tesimde «Kärende» diýen sözi «Ýer üçin kärende» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji tesimde «bellenilýär» diýen sözi «tassyklanylýar» diýen söze çalşyrmaly;

dördünji bölekde «kärende» diýen sözüň öňünden «ýer üçin» diýen sözleri goşmaly we «bellenilýär» diýen sözi «tassyklanylýar» diýen söze çalşyrmaly;

9) 55-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«551-nji madda. Salgyt edarasynyň 

            ýer gatnaşyklary

            babatda wezipeleri

Salgyt edarasy ýer gatnaşyklary babatda şu wezipeleri amala aşyrýar:

- ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan her aýyň 1-indäki ýagdaýyna görä, berilýän ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň anyk hasaplanan möçberleri barada maglumatlary (maglumatlara ýerden peýdalanmak hukugyna we ýer kärendesi hukugyna güwä geçýän resminamalaryň degişlilikde nusgalary goşulýar) jemleýär;

- ýer böleklerini peýdalanmaga we kärendesine alan taraplaryň her biri boýunça ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişiniň hasabyny ýöredýär, hasabatyny düzýär hem-de degişli häkimlige we ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasyna berýär;

- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň dogry hasaplanylyşyna hem-de ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan ol tölegleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda doly we öz wagtynda tölenilişine gözegçilik etmek maksady bilen, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy bilen bilelikde degişli häkimlik tarapyndan geçirilýän deňeşdirme seljerişi boýunça işe gatnaşýar;

- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişi barada her aýdaky hasabatlary jemleýär we ýokarda durýan edarasyna berýär;

- ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň meseleleri boýunça teklipleri ýokarda durýan edarasyna berýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji apreli.