Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 6820

I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 1, 11-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

1) 7-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«5. Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi üçin zerur bolan rugsatnamalarda, güwänamalarda we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan başga resminamalarda, ol resminamalary berýän ygtyýarly şahslar tarapyndan, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda ol harytlaryň dokuz belgili toparlara bölüniş kodlary hem-de olaryň esasy ölçeg birligindäki mukdary, şeýle hem, eger ol harytlar babatda Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynda goşmaça ölçeg birligi bellenilen bolsa, olaryň goşmaça ölçeg birligindäki mukdary görkezilýär.»;

2) 37-nji maddada:

adynda «we wagty» diýen sözleri «, wagty hem-de olar barada deslapdan habar berilmegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýeriniň administrasiýasy (howa menziliniň, aerodromyň, deňiz, derýa portunyň, demir ýol wokzalynyň, menziliniň başlygy) şol geçiriş ýeriniň administrasiýasynyň gümrük edarasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşan tertibinde Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerine harytlaryň we ulag serişdeleriniň gelýän ýeri we wagty hakynda gümrük edaralaryna deslapdan habar berýär.»;

üçünji bölekde «aeroportda» diýen sözi «howa menzilinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 38-nji maddanyň birinji we ikinji bölekleriniň 1-nji bentlerinde, 100-nji maddanyň dördünji böleginde, 209-njy maddanyň ikinji böleginde, 244-nji maddanyň üçünji böleginde we 322-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «aeroportyndaky», «aeroportda», «aeroporta» we «aeroportuň» diýen sözleri degişlilikde «howa menzilindäki», «howa menzilinde», «howa menziline» we «howa menziliniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 39-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«39-njy madda. Harytlar we ulag serişdeleri barada gümrük edarasyna deslapky maglumatyň berilmegi

1. Daşaýjy ýa-da başga dahylly şahs, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine hakykatda gelmezinden öň, olar barada gümrük edarasyna deslapky maglumaty bermäge haklydyr.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen halatlarda we möhletlerde daşaýjy ýa-da başga dahylly şahs, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri barada deslapky maglumaty, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine hakykatda gelmezinden öň gümrük edarasyna bermäge borçludyr.

3. Deslapky maglumatyň düzümi, ony bermegiň we ulanmagyň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

4. Deslapky maglumat Türkmenistanyň döwlet dilinde we (ýa-da) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän daşary ýurt dillerinde berilýär.»;

5) 40-njy maddanyň dördünji böleginde «maglumatlary» diýen sözden soň «, şu Kodeksiň 39-njy maddasynda bellenilen şertleri berjaý etmek bilen,» diýen sözleri goşmaly;

6) 46-njy maddanyň ikinji böleginiň 5-nji bendinde «dört» diýen sözi «alty» diýen söze çalşyrmaly;

7) 48-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde, üçünji böleginiň birinji tesiminde we altynjy böleginiň 3-nji bendinde «ýa-da oturtma kuzowa,» we «ýa-da oturtma kuzowlaryň» diýen sözleri aýyrmaly;

8) 49-njy maddada:

adynda we birinji bölegiň birinji tesiminde «we oturtma kuzowlaryň», «ýa-da oturtma kuzowlar,» we «ýa-da oturtma kuzowlara» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Ulag serişdesini harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakyndaky çözgüdi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän gümrük edaralary kabul edýär.

Ulag serişdesini harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakyndaky çözgüdi kabul etmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.»;

9) 731-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«732-nji madda. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň harytlary wagtlaýyn saklamaga rugsat bermekden ýüz öwürmäge bolan hukugy

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy boýunça borçlaryny ençeme gezek ýerine ýetirmedik, gümrük işi babatdaky administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça administratiw temmini bermek hakynda güýje giren kararlaryň iň bolmanda birini ýa-da şu Kodeksiň 273-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen möhletde gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borjuny ýerine ýetirmedik deklarantyň harytlaryny wagtlaýyn saklamaga rugsat bermekden ýüz öwürmek hakyndaky çözgüdi kabul etmäge haklydyr. Görkezilen çözgüt administratiw jerime, şeýle hem gümrük paçlary, salgytlar tölenenden soň iki iş gününiň dowamynda ýatyrylmaga degişlidir, bu barada özleri babatda şeýle çözgüt kabul edilen deklaranta görkezilen möhletiň çäklerinde ýazmaça görnüşde habar berilýär.»;

10) 83-nji maddada:

birinji bölekde «ýa-da» diýen sözi «we (ýa-da)» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Harytlar goýberilenden soň, ol harytlar babatda berlen gümrük deklarasiýasynda beýan edilen maglumatlara üýtgetmeleri we (ýa-da) goşmaçalary girizmegiň tertibi şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.»;

11) 159-njy madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«6. Wagtlaýyn getirilen döwründe awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde hem-de ulanmagyň kadaly şertlerinde ýaramsyz hala gelen, zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar, deklarant tarapyndan, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine ýaramsyz, zaýalanan ýa-da zeper ýeten halda getirilendäkisi ýaly kesgitlenilen gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir.»;

12) 214-nji maddada:

birinji bölekden soň şu mazmunly bölekleri goşmaly:

«11. Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şerti göz öňünde tutmak bilen, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelen gününden başlap, şu möhletlerden:

1) awtoulag serişdesi (muňa konteýnerler degişli däldir) — 30 senenama gününden;

2) demir ýol ulag düzüminiň birligi (muňa konteýnerler degişli däldir) — 90 senenama gününden;

3) islendik görnüşli ulag serişdesi arkaly daşalýan konteýnerler — 90 senenama gününden;

4) deňiz (derýa) gämisi we howa gämisi — Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýeriniň administrasiýasynyň (howa menziliniň, aerodromyň, deňiz, derýa portunyň) gümrük edarasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşan tertibine laýyklykda kesgitlenilýän möhletden artyk bolmadyk möhletlerde, daşaýjy tarapyndan kesgitlenilýär, şu maddanyň iki belgili birinji böleginde görkezilen wagtlaýyn getiriliş möhleti muňa degişli däldir.

12. Türkmenistanyň gümrük çäginde ulag serişdesinden düşürmezden daşalýan, gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlary daşaýan islendik görnüşli ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhleti, şu Kodeksiň 47-nji maddasyna laýyklykda ol harytlar babatda bellenilen içerki gümrük üstaşyrynyň möhletine görä kesgitlenilýär.»;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Gümrük edarasy aýratyn halatlarda gümrük gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen, daşaýjynyň arzasyndan ugur alyp we göz öňünde tutulýan ulag operasiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlary nazara almak bilen, ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhletini şu maddanyň bir belgili birinji böleginde görkezilen möhletden has dowamly möhlete bellemäge haklydyr.»;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Ulag serişdesi wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilende, onuň wagtlaýyn getiriliş möhletini bellemegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.»;

13) 359-njy maddanyň ikinji böleginiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«Öz mazmuny ýa-da gümrük edarasyna berliş usuly boýunça kanun arkaly goralýan syrlary düzýän we beýleki ýaşyryn bolan ähli maglumatlaryň goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.»;

14) 359-njy maddadan soň şu mazmunly baby goşmaly:

«41-nji bap. GÜMRÜK IŞINDÄKI MAGLUMAT ULGAMLARY WE MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY

3591-njy madda. Gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan maglumat ulgamlary, maglumat tehnologiýalary we olaryň üpjünçilik serişdeleri

1. Maglumat ulgamlarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda maglumat alyş-çalşyň elektron usuly esasynda işlenilip taýýarlanylmagy, döredilmegi we ulanylmagy gümrük edaralary tarapyndan şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Hasaplaýyş tehnikalaryny we aragatnaşyk serişdelerini ulanmak bilen, maglumat ulgamlarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet standartlaryna, Türkmenistanda bellige alnan halkara we döwletara standartlara laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Maglumat ulgamlaryny, maglumat tehnologiýalaryny we olaryň üpjünçilik serişdelerini gümrük maksatlary üçin ulanmagyň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan maglumat ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň we maglumatlaryň goragy kiberhowpsuzlyk we maglumat howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan üpjün edilýär.

3592-njy madda. Gümrük işinde ulanylýan maglumat gorlary

1. Gümrük edaralarynyň maglumat gorlary, şu Kodekse laýyklykda gümrük operasiýalary geçirilen mahalynda şahslar tarapyndan berilýän resminamalardan we maglumatlardan, şeýle hem şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük edaralarynyň ygtyýarlygynda bolan başga resminamalardan we maglumatlardan ybaratdyr.

2. Gümrük edaralarynyň maglumat gorlaryny emele getirmegiň we ulanmagyň tertibi, maglumatlary resmileşdirmegiň talaplary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan ýa-da onda bellenilen tertipde berilýän resminamalar, şol sanda gümrük deklarasiýasy gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen maglumatlary resmileşdirmegiň talaplaryny, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki talaplary berjaý etmek bilen, maglumat alyş-çalşyň elektron usuly arkaly berlip bilner.

4. Gümrük edaralarynyň ygtyýaryndaky maglumat gorlarynda bar bolan maglumatlaryň şahslar tarapyndan alynmagynyň tertibi şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

3593-njy madda. Şahslar tarapyndan ulanylýan maglumat ulgamlary, maglumat tehnologiýalary we olaryň üpjünçilik serişdeleri

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler, gümrük ammarlaryna eýelik edýänler we gümrük dellallary, şeýle hem öz islegleri boýunça beýleki şahslar tarapyndan şu Kodeksde göz öňünde tutulan resminamalary we maglumatlary bermek üçin ulanylýan maglumat ulgamlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň we olaryň üpjünçilik serişdeleriniň talaplaryny kesgitleýär.

3594-njy madda. Gümrük edaralarynyň maglumat alyş-çalşygyna gatnaşmagy

Gümrük edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde we şertlerde daşary ýurt döwletleriniň gümrük edaralary, şeýle hem halkara we beýleki guramalar bilen maglumat alyş-çalşygyna gatnaşýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji apreli.