mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 1572

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

1. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 91-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2015 ý., № 3, 113-nji madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda, № 4, 98-nji we 109-njy maddalar; 2019 ý., № 4, 95-nji madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda):

2-nji maddanyň mazmunynda «durmuş taýdan hyzmat etmek» diýen sözleri «durmuş hyzmatlarynyň edilmegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

IV bölümi şu görnüşde beýan etmeli:

«IV bölüm. Durmuş hyzmatlary

15-nji bap. Umumy düzgünler

96-njy madda. Durmuş hyzmatlarynyň  görnüşleri

1. Durmuş hyzmatlary, özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi sebäpli, özleriniň esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini bölekleýin ýa-da doly ýitirendikleri bilen baglanyşykly, keseki kömegine mätäç adamlara sosial-durmuş, sosial-saglygy goraýyş, sosial-hukuk hem-de durmuş hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini etmek, şeýle hem olary durmuş taýdan uýgunlaşdyrmak we dikeltmek boýunça işlerden ybaratdyr.

2. Durmuş hyzmatlary öýde ýa-da durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç hökmünde ykrar edilen adamlara edilýän durmuş hyzmatlarynyň jemini öz içine alýar.

3. Durmuş hyzmatlary durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç hökmünde ykrar edilen adamlara döwlet we döwlete degişli däl durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar tarapyndan amala aşyrylyp bilner. Durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç hökmünde ykrar edilen adamlara Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar hakynda birkysmy düzgünnama Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

97-nji madda. Durmuş hyzmatlary çygryndaky ýörelgeler

Durmuş hyzmatlary şu ýörelgelerden ugur alnyp edilýär:

1) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi;

2) durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç diýlip ykrar edilen adamlara durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga deň mümkinçilikleriň we olaryň elýeterli bolmagynyň üpjün edilmegi;

3) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň şahsy zerurlyklary göz öňünde tutulyp, durmuş hyzmatlarynyň edilmegi.

98-nji madda. Adamlaryň durmuş hyzmatlary çygryndaky hukuklarynyň kepillendirilmegi

Döwlet, özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi sebäpli, özleriniň esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini bölekleýin ýa-da doly ýitirendikleri bilen baglanyşykly, keseki kömegine mätäç adamlaryň aýratyn toparlaryna durmuş hyzmatlaryny peýdalanmak mümkinçiligini kepillendirýär.

99-njy madda. Durmuş hyzmatlaryny etmegiň aýratynlyklary

Durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri we olary etmegiň tertibi, durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary we durmuş hyzmatlaryny etmegiň beýleki aýratynlyklary durmuş hyzmatlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

100-nji madda. Durmuş hyzmatlarynyň dolandyrylmagy

1. Durmuş hyzmatlary şäherlerde, şäherçelerde we köp ilatly obalarda adamlaryň aýratyn toparlaryna döwlet we döwlete degişli däl durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar hem-de (ýa-da) hususy telekeçiler tarapyndan edilýär.

2. Durmuş hyzmatlaryny edýän garamagyndaky edaralary dolandyrmak öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli merkezi edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijilere usuly kömegi bermek Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

101-nji madda. Durmuş hyzmatlaryny etmegiň ulgamyny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

1. Durmuş hyzmatlaryny etmegiň ulgamyny maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň, ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda durmuş hyzmatynda bolan hem-de mirasdüşeri bolmadyk aradan çykan ýeke ýaşan adamlaryň pul serişdeleri, şol sanda bank hasaplaryndaky serişdeler we beýleki emlägi, şeýle hem bu emlägi ýerlemekden alnan serişdeler durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar tarapyndan maksadalaýyk ulanylýar.

102-nji madda. Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň işine gözegçilik

Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň işine gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

16-njy bap. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga bolan hukuk

103-nji madda. Adamlaryň durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga bolan hukugy

Özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi sebäpli, özleriniň esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini bölekleýin ýa-da doly ýitirendikleri bilen baglanyşykly keseki kömegine mätäç adamlaryň aýratyn toparlarynyň durmuş hyzmatlary çygrynda amala aşyrylýan durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga hukuklary bardyr.

104-nji madda. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary

1. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň şulara hukuklary bardyr:

1) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiniň işgärleri tarapyndan özlerine hormat bilen we ynsanperwerlikli garalmagyna;

2) öz hukuklary, borçlary, durmuş hyzmatlaryny etmegiň görnüşleri, hyzmat etmegiň şertleri, şol sanda olaryň töleginiň şertleri barada maglumat almaga;

3) durmuş hyzmatlaryndan ýüz öwürmäge;

4) durmuş hyzmatlary edilende durmuş işgärine mälim bolan şahsy häsiýetli maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň saklanylmagyna;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

2. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylar durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda bolmagyň şertleri, olara edilýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen öňünden tanyşdyrylmalydyrlar.

105-nji madda. Durmuş hyzmatlarynyň edilmegi

1. Durmuş hyzmatlary durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy bolup biljek adamyň durmuş hyzmatlarynyň edilmegi baradaky ýazmaça arzasy esasynda amala aşyrylýar.

Durmuş hyzmatlarynyň aýry-aýry görnüşlerinden ýüz öwrülmegi durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy bolup biljek adamyň ýazmaça arzasy bilen resmileşdirilýär.

2. Bakteriýa göteriji ýa-da wirus saklaýjy bolup durýan adamlara ýa-da özlerinde arakhorluk, neşekeşlik, psihoaktiw maddalary bilen baglanyşykly keselleri, karantinli ýokanç keselleri, inçekeseliň aktiw görnüşleri, psihiki taýdan näsaglygy, deri keselleri we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralarynda bejerilmegi talap edilýän beýleki keselleri bar bolan adamlar, saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasy esasynda durmuş hyzmatlarynyň edilmegine kabul edilmeýär.

3. Durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy tarapyndan bellenilen kadalar we düzgünler bozulan halatynda durmuş hyzmatlarynyň edilmegi bes edilip bilner.».

2. 2000-nji ýylyň 9-njy martyndaky «Eziz enelerimiziň, mähriban aýal-gyzlarymyzyň şanyna 8-marty Türkmenistanyň ebedilik milli bahar baýramy diýip yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 26-njy madda):

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Eziz enelerimiziň, mähriban aýal-gyzlarymyzyň şanyna 8-nji marty ählihalk baýramçylygy hökmünde Halkara zenanlar güni diýip bellemek hakynda»;

1-nji maddada «gelin-gyzlarymyza bagyşlanan Türkmenistanyň milli bahar baýramy diýip ebedilik yglan etmeli» diýen sözleri «aýal-gyzlarymyza bagyşlanan ählihalk baýramçylygy hökmünde Halkara zenanlar güni diýip bellemeli» diýen sözlere çalşyrmaly;

2-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl 8-nji mart gününe eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şertinde aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, umumybilim edaralarynda okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmaly.

Pul sowgadynyň möçberi we onuň maliýeleşdirilmeginiň çeşmesi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji apreli.