Ï Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

view-icon 5900
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Her ýyl däp bolşy ýaly, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň geljekki dalaşgärleri özünde jemleýän «Açyk gapylar» güni bahar aýlaryna gabat gelýär.

Öňümizdäki 2022-2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýänler üçin«Açyk gapylar» gününiň geçirilýändigini Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti habar berdi. Paýtagtymyzdaky uniwersitet we onuň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki şahamçasy dalaşgärleri 6-njy we 7-nji maýda sagat 15:00 duşuşyga çagyrýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri myhmanlary okuwlaryň guralyşy, okuw-terbiýeçilik we medeni-köpçülik çäreleriniň geçirlişi, okuwdan boş wagtlary sport bilen meşgullanmagyň ýagdaýlary bilen tanyşdyrarlar we Diýarymyzda aň-bilim we ylmyň ösüşi boýunça amal edilýän döwlet maksatnamalarynyň ýokary okuw mekdeplerinde durmuşa geçirilişi, hünäre taýýarlyk ugurlary, şeýle-de okamak we ýaşamak üçin döredilen oňaýly şertler barada giňişleýin gürrüň bererler. Myhmanlar tejribe okuwlary üçin barlaghanalara, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan okuw otaglaryna baryp görerler. Şol günler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döwrebap umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport jaýynyň we maglumat-tehnologiýalar merkeziniň gapysy myhmanlar üçin giňden açylar.

Uniwersitete okuwa girmek isleýän ýaşlar aşakdaky salgylara ýüzlenip bilerler: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 8. Telefon belgileri: 39-13-05, 39-13-18.

Uniwersitetiň Balkanabat welaýatyndaky şähämçasynyň salgysy: Balkanabat şäheri, G. Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy. Telefon belgisi: 4-93-62, 2-19-98.

4-nji we 11-nji maýda sagat 15:00-da Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty «Açyk gapylar» gününi geçirer. Bu ýokary okuw mekdebi geljekki dalaşgärleri, Diýarymyzyň okuwa girmek isleýän hemme ýaş raýatlaryny — orta mekdepleriň, orta-hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümleriň gullukçylaryny, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary deň-derejede çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününe gatnaşyjylar institutda alynjak hünärler we taýýarlyklaryň ugurlary, institutyň üstünlikleri we derejesi, bölümleri hem-de kafedaralary hakynda doly maglumatlary alarlar. Olara häzirkizaman okuw otaglary, sport toplumlary, şeýle-de institutyň döredijilik düzümi we beýleki birnäçe zatlar bilen tanyşmak garaşýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: 28-18-53, 28-18-05.

13-nji maýda sagat 15:00-da Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Nyýazow köçesiniň 40-njy jaýynda ýerleşýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» güni geçiriler. Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-64-02, 22-65-47.

Institutda dalaşgärler bilen 27-nji aprelinde guralan ilkinji duşuşygyň netijeli we tanyşlyk häsiýetde geçendigini bellemek gerek. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar institutyň durmuşy, onuň häzirkizaman infrastrukturasynyň gurluşy bilen giňişleýin tanyşdyrylar. Ýaşlara institutda hödürlenýän okuw maksatnamasy bilen tanyşmak, okuw bölümleriniň wekilleri bilen söhbet etmek, şeýle-de okuwa girmek meselesinde ýokary derejeli maslahat almak mümkinçilikleri dörediler.