mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 1643

I. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda; 2017 ý., № 1, 28-nji madda, № 4, 142-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 4, 80-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 20-nji maddanyň bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«5. Ýapyk kazyýet mejlisinde işi diňlemek raýat kazyýet önümçiliginiň ähli kadalaryny berjaý etmek bilen alnyp barylýar. Ýapyk kazyýet mejlisiniň dowamynda audio-wideo ýazgynyň edilmegine we sanly wideoaragatnaşyk ulgamynyň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär. Ähli halatlarda kazyýet kararlary aç-açan yglan edilýär.»;

2) 45-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Taraplaryň we üçünji taraplaryň düşündirişleri, şaýatlaryň görkezmeleri, bilermeniň we hünärmeniň maslahaty (düşündirişleri) şu Kodeksiň 1721-nji maddasyna laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly alnyp bilner.»;

3) 172-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«1721-nji madda. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly iş ýöredişe gatnaşmak

1. Kazyýetlerde sanly wideoaragatnaşygy amala aşyrmak üçin tehniki mümkinçilikler bolan halatynda, taraplaryň haýyşnamasy ýa-da kazyýetiň başlangyjy boýunça işe gatnaşýan adamlar, olaryň wekilleri, şeýle hem şaýatlar, bilermenler, hünärmenler, terjimeçiler sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly kazyýet mejlisine gatnaşyp bilerler.

Görkezilen adamlaryň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly kazyýet mejlisine gatnaşmagy diňe kazyýetiň jaýynda geçirilmelidir.

2. Kazy kazyýet mejlisini sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirmek hakynda kesgitnama çykarýar.

Kesgitnamanyň nusgasy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilmeli kazyýet mejlisini guramak üçin degişli kazyýete haýal etmän iberilýär.

3. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän kazyýet mejlisi seredilýän iş önümçiliginde bolan kazyýet tarapyndan audio-wideo tehniki serişdeleriň kömegi bilen ýazgy edilýär we bu ýazgyny göteriji işe goşulýar.

4. Şu maddanyň kadalary nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýetde hem ulanylyp bilner.»;

4) 194-nji maddanyň birinji böleginde «zerur bolmagynyň» diýen sözlerden soň «, tehniki serişdeleri, şol sanda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly kazyýet mejlisi geçirilende tehniki näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň» diýen sözleri goşmaly;

5) 201-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Her bir şaýat aýratynlykda sorag edilýär. Şaýat sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag edilip bilner. Şaýadyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag edilmegi, işe düýp manysy boýunça seredýän kazyýet tarapyndan şu Kodeksde bellenilen umumy düzgünler boýunça we Kodeksiň 1721-nji maddasynda göz öňünde tutulan aýratynlyklary nazara almak bilen geçirilýär.

2. Sorag edilmedik şaýatlar işiň seljerilýän wagtynda kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda bolup bilmezler. Sorag edilen şaýat, eger kazyýet oňa gitmäge rugsat bermese, işi seljermegiň gutarmagyna çenli mejlisler otagynda galýar.»;

6) 213-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly: «Kazyýet bilermeni sorag etmekligi şu Kodeksiň 1721-nji maddasyna laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly geçirip biler.»;

7) 215-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly: «Hünärmeniň maslahaty (düşündirişleri) şu Kodeksiň 1721-nji maddasyna laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly alnyp bilner.»;

8) 252-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«2521-nji madda. Kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek

1. Ýerinе ýеtirilеn kazyýet karary sökülen wе işе täzеdеn seredilenden soň hak islеgini doly ýa-da bölekleýin kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt çykarylan mahalynda, ýa-da iş ýörеtmеgi bеs etmеk ýa-da hak islеgini seretmän galdyrmak hakynda kеsgitnama çykarylan mahalynda, sökülen çözgüt boýunça hak islеýjiniň pеýdasyna tölеdilip alnan ähli zatlar jogap berijä gaýtarylyp bеrilmеlidir (çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk).

2. Emlägi bolşy ýaly görnüşdе gaýtaryp bеrmеk mümkin bolmadyk mahalynda, kazyýet kararynda bu emlägiň gymmatyny pul bilеn tölеmеk göz öňündе tutulyp bilnеr.

3. Iş boýunça täze çözgüt çykaran kazyýet, eger bu iş boýunça öňki çykarylan çözgüt doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirilen bolsa, çözgüdiň ýerine ýetirilendigi hakynda subutnamalar berlen mahalynda, täze çözgütde jogap berijiniň çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky arzasyna seredýär we çözýär.

4. Eger kazyýet işe täzeden sereden mahalynda, sökülen çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky meseläni çözmedik bolsa, onda jogap beriji çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky arza bilen birinji basgançakly kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

5. Kazyýet çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky arza, arzanyň kazyýete gelip gowşan gününden başlap, on günüň dowamynda seredýär. Arza kazyýet mejlisinde seredilýär, taraplara mejlisiň geçirilýän wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi kazyýetiň öňünde goýlan meseläni çözmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

6. Çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky birinji basgançakly kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip ýa-da şu Kodeksiň 9-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda hususy teklipnama getirilip bilner.»;

9) 268-nji maddanyň ikinji böleginiň 13-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«131) audio-wideo ýazgynyň edilendigi we sanly wideoaragatnaşyk ulgamynyň peýdalanylandygy hakynda maglumatlar;»;

10) 269-njy maddanyň birinji böleginde:

birinji tesimde «audio» diýen sözi «audio-wideo» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Teswirnamada kazyýet mejlisiniň kätibi tarapyndan audio-wideo ýazgy serişdeleriniň we kazyýet mejlisiniň barşyny bellemek üçin beýleki tehniki serişdeleriň, şol sanda sanly wideoaragatnaşyk ulgamynyň peýdalanylandygy görkezilýär. Audio-wideo ýazgyny göteriji kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna goşulýar.»;

11) 378-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Nägilelik basgançakly kazyýetiň kesgitnamasy çykarylan pursadyndan kanuny güýje girýär.»;

12) 407-nji maddanyň mazmunyna şu mazmunly sözlemi goşmaly: «Görkezilen adamlaryň kazyýet mejlisine gatnaşmagy şu Kodeksiň 1721-nji maddasyna laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly geçirilip bilner.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.