mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny «Ösümlikleriň karantini hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 5219

I. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Ösümlikleriň karantini hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 55-nji madda; 2016 ý., № 1, 16-njy madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 1-nji maddada:

4-nji bentde «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly edaranyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlikleriň karantini gullugynyň (mundan beýläk — Gulluk)» diýen sözlere çalşyrmaly;

5-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«51) karantin astyndaky gaýtadan işlenilen önümler — ösümlikleriň we ösümliklerden alnan önümleriň gaýtadan işlenilmegi esasynda alnan, öz düzüminde zyýanly organizmleriň gizlenip saklanmagyna ýa-da olaryň ýaýramagyna ýardam etmeýän, olar babatda fitosanitar çäreleriň geçirilmegi zerur bolmadyk we Sanawy Gulluk tarapyndan düzülýän önümler;»;

9-njy we 26-njy bentlerde «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edaranyň» we «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň» diýen sözleri «Gullugyň» diýen söze çalşyrmaly;

2) 5-nji maddanyň mazmunynda «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara), Gulluk» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 61-nji maddada «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň» we «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň» diýen sözleri degişlilikde «Ygtyýarlandyrylan edaranyň», «ygtyýarlandyrylan edaranyň» we «Gullugyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 7-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«7-nji madda. Gullugyň ygtyýarlyklary

1. Gullugyň ygtyýarlyklaryna şular girýär:

1) fitosanitar töwekgelçiligiň seljerişini geçirmek we onuň esasynda ösümlikleriň karantini boýunça döwlet çäreleri bellenilýän we amala aşyrylýan karantin zyýan berijileriniň Sanawyny işläp düzmek we ony tassyklatmak üçin ygtyýarlandyrylan edara bermek;

2) ösümlikleriň keselleriniň ýaýramagyna garşy çäreleriň ulanylmagy boýunça fitosanitar gözükdirijileriň, kesgitli we umumy düzgünleriň ýerine ýetirilişi boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň işini utgaşdyrmak;

3) karantin zyýan berijileriniň köpeliş ojaklary we olaryň köpelişleri barada maglumatlary ýygnamak maksady bilen, şeýle hem karantin zyýan berijileri bilen göreşmek üçin ösdürilip ýetişdirilýän zolaklary we ýabany ösýän ösümlikleri hem goşmak bilen, ösümlikleriň ösüş döwründäki, şeýle-de saklanylýan ýa-da ulaglarda daşalýan ösümlikleriň we ösümliklerden alynýan önümleriň barlagyny geçirmek;

4) karantin zyýan berijileriniň ýaýramagynyň hasabyny ýöretmek we gyzyklanýan taraplara maglumatlary bermek;

5) karantin düzgünini, karantin zolaklaryny bellemek we ýatyrmak;

6) öz ygtyýarlyklaryna degişli bolan meseleler boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we usuly görkezmeleriň taslamalaryny taýýarlamak we olary tassyklatmak üçin ygtyýarlandyrylan edara bermek;

7) daşary döwletlerden tohumlaryň, ösümlikleriň we ösümliklerden alynýan önümleriň, senagat harytlarynyň getirilmeginiň, şol önümleriň Türkmenistanda daşalmagynyň karantin şertlerini işläp taýýarlamak;

8) karantin çärelerine goýberilýän pul we maddy serişdeleriň tygşytly we maksatly peýdalanylmagyna gözegçiligi amala aşyrmak;

9) getirilýän karantin astyndaky önümleriň fitosanitar gözegçiligini we barlaghana, karantin barlagyny geçirmek;

10) karantin astyndaky önümiň, şeýle hem ösümlikleriň karantini boýunça kadalara we gözükdirijilere laýyklykda, ulag serişdeleriniň ýokançsyzlandyrylmagyny guramak we geçirmek;a

11) daşary ýurtdan getirilen karantin asty ekilýän we tohum materiallaryny introduksion-karantin nahalhanalaryndaky barlagyndan geçirmek;

12) halkara kadalar we teklipler esasynda ylmy-barlag edaralary bilen bilelikde karantin çärelerini işläp taýýarlamak hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň olary ýerine ýetirişlerine gözegçiligi amala aşyrmak;

13) fitosanitariýa güwänamalaryny bermek, karantin astyndaky önümlere daşary ýurtdan getirilen önümleri ýurtdan çykarmaga fitosanitariýa güwänamalaryny we getirmek üçin karantin rugsatnamalaryny bermek;

14) Türkmenistandan daşary ýurtlara äkidilýän ösümliklere we ösümlikden alynýan önümlere fitosanitar güwälendirmäni geçirmek;

15) ösümlikleriň karantini babatda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we olary ulanmak arkaly maglumat üpjünçiligini amala aşyrmak.

2. Gullugyň ulgamyna şular girýär:

1) merkezi gulluk, welaýat, şäher, etrap we etrabara gulluklar;

2) ösümlikleriň karantini boýunça serhet nokatlary;

3) merkezi karantin barlaghanasy;

4) fumigasion bölüm;

5) introduksion — karantin nahalhanasy.

3. Gullugyň wezipeli adamlary ösümlikleriň karantini boýunça döwlet gözegçileri bolup durýarlar we olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýörite lybaslar bilen üpjün edilýär.

Gullugyň we onuň ýerlerdäki edaralarynyň döwlet gözegçileriniň wezipelerine, işgärler düzümine laýyklykda, tebigy bilim, zootehniýa we weterinariýa, agronomiýa ugurlary boýunça taýýarlanylýan degişli orta hünär okuw we ýokary okuw mekdeplerini tamamlan hünärmenler kabul edilýär. Döwlet gözegçileri üç ýyldan bir gezek hünär synagyny geçip bilerler, şeýle hem olar ösümlikleriň karantini boýunça döwlet edaralar ulgamyna işe girenlerinde, ýokary wezipä hödürlenenlerinde hökmany hünär synagyndan geçýärler.

4. Gulluk öz işini serhet, gümrük, hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde amala aşyrýar.

5. Gulluk Türkmenistana getirilýän ekilýän we tohum materiallaryny hem-de beýleki gözegçilikdäki karantin asty ösümlik önümlerini, şeýle hem Türkmenistanyň üsti bilen geçirilýän karantin asty ýükleri barlagdan geçirýär we olara karantin rugsatnamalaryny berýär.

Gullugyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul edilen çözgütler ýuridik we fiziki şahslar üçin ýerine ýetirilmegi hökmany bolup durýar.»;

5) 8-nji maddanyň 1-nji we 3-nji bentlerini degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:

«1) Gulluga we onuň ýerli edaralaryna öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin şertleri döredýärler;»;

«3) Gullugyň ýa-da onuň degişli ýerli edarasynyň teklibi boýunça karantin düzgünini girizmek bilen karantin zolagyny bellemek we ony ýatyrmak hakyndaky çözgütleri kabul edýärler.»;

6) 11-nji maddada:

mazmunynda «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasyndan», «Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň» we «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy» diýen sözleri degişlilikde «Gullukdan», «Gullugyň» we «Gulluk» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Import karantin rugsatnamasy hem-de ugradýan ýurduň milli karantin gulluklarynyň fitosanitariýa güwänamasy bolmazdan Türkmenistanyň çägine getirilýän karantin astyndaky gaýtadan işlenilen önümleriň Sanawy Gulluk tarapyndan düzülýär we ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.»;

7) 17-nji maddanyň birinji böleginde:

2-nji we 9-njy bentlerde «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň ýerlerdäki edaralaryna» we «ösümlikleriň karantini boýunça ýerlerdäki ygtyýarly döwlet edarasyna» diýen sözleri degişlilikde «Gullugyň degişli ýerli edarasyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bentde «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň» diýen sözleri «Gullugyň» diýen söze çalşyrmaly;

8) IV babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«IV bap. Ösümlikleriň karantini babatda döwlet gözegçiligi, ylmy üpjünçilik we hünärmenleri taýýarlamak»;

9) 21-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«21-nji madda.Gullugyň nyşany we onuň işgärleriniň ýörite lybaslary

Gullugyň nyşany we onuň işgärleriniň ýörite lybaslary bardyr. Gullugyň nyşany we onuň işgärleriniň ýörite lybaslary baradaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.»;

10) IV baba şu mazmunly maddany goşmaly:

«211-nji madda. Ösümlikleriň karantini babatda ylmy üpjünçilik we hünärmenleri taýýarlamak

1. Türkmenistanda ösümlikleriň karantini babatda ylmy üpjünçilik bu ugurda ylmy barlaglary alyp barýan ylmy edaralar we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanda ösümlikleriň karantini babatda hünärmenleri taýýarlamak hünär-tehniki bilim, orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralarda amala aşyrylýar.»;

11) Kanunyň ýazgysynda «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy», «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň», «Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň», «karary», «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi», «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly edaranyň», «ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna», «Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy» we «Ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna» diýen sözleri degişlilikde «Gulluk», «Gullugyň», «çözgüdi», «ygtyýarlandyrylan edara» we «Gulluga» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.