mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 6545

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 2011-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 8-nji madda; 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2014 ý., № 1, 42-nji madda; 2015 ý., № 4, 125-nji madda; 2016 ý., № 4, 164-nji madda; 2017 ý., № 1, 14-nji madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 1, 9-njy madda) 25-nji maddasynyň üçünji böleginde «Türkmenistanyň raýat iş ýörediş» diýen sözleri «ýerine ýetiriş önümçiligi hakynda Türkmenistanyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 118-nji madda; 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2016 ý., № 4, 166-njy madda; 2017 ý., № 4, 143-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda, № 4, 109-njy madda; 2021 ý., № 1, 19-njy madda):

128-nji maddanyň dördünji böleginde «Çagany perzentlige almak» diýen sözleri «Perzentlige alnandygy» diýen sözlere çalşyrmaly;

185-nji maddanyň üçünji böleginde «, nama kitaplaryny saklamagyň tertibi we möhletleri» diýen sözleri aýyrmaly;

204-nji maddanyň dokuzynjy böleginde «Raýatlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny» diýen sözleri «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2013-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 3-nji madda; 2015 ý., № 4, 128-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2019 ý., № 1, 9-njy madda):

40-njy maddanyň üçünji böleginde «1-4-nji bentlerinde» diýen sözleri «1-3-nji bentlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

115-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendini aýyrmaly, 5-nji we 6-njy bentleri degişlilikde 4-nji we 5-nji bentler diýip hasap etmeli;

115-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«1151-nji madda. Ýaşaýyş jaýyny baş-başdaklyk bilen eýelän adamy we onuň maşgala agzalaryny başga ýaşaýyş jaýy berilmezden ýaşaýyş jaýyndan çykarmak

Ýaşaýyş jaýyny baş-başdaklyk bilen eýelän adam we onuň bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary başga ýaşaýyş jaýy berilmezden ýaşaýyş jaýyndan çykarylyp bilner.».

4. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda; 2015 ý., № 1, 22-nji madda; 2016 ý., № 1, 61-nji madda, № 3, 117-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 38-nji madda; 2019 ý., № 1, 9-njy madda; 2020 ý., № 1, 5-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, № 4, 148-nji madda) 42-nji maddasynyň birinji böleginiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli: «Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi zerurlygyna görä çagyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.