Ï Watanymyzyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat

view-icon 2556

Şu gün, ýurdumyzyň iň täze taryhynda şanly seneleriň öňýanynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan forumy ýurdumyzyň Milli Geňeşi gurady.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda geçirilen foruma Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary hem-de Halk Maslahatynyň agzalary, görnükli alymlar we syýasatçylar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar çagyryldy.

Dabara mynasybetli merkeziň eýwanynda guralan sergide amaly-haşam we häzirkizaman sungat eserleri, muzeý gymmatlyklary, neşir önümleri görkezildi.

Sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşy foruma baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Maslahatyň umumy mejlisinde milli buýsanjymyz, milli döwletlilige eýe bolmagymyzyň nyşanlary, türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularyny, döredijilik ruhuny, zähmet joşgunyny artdyrýan mukaddesliklere – Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Döwlet baýdagyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

30 ýyl mundan ozal kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyzlyk döwrümiziň esasy gazananlaryny kanunçylyk taýdan berkidip, durmuş we adam gatnaşyklarynyň ynsanperwerlik kadalaryny özünde jemledi. Hut Konstitusiýa pugta binýat bolup, şonuň esasynda ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adam baradaky alada uly üns berilýär. Şu ynsanperwer ýörelgeler, raýatlaryň hukuklary we azatlyklary babatda halkara hukugynyň kadalaryna hem-de dünýä ösüşiniň gazananlaryna ygrarlylyk Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasy ýörelgeleridir.

Konstitusiýanyň azat, asuda, parahat, bagtyýar durmuşymyzyň kanuny kepili bolup durýandygy nygtaldy. Onuň binýadynda türkmen jemgyýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň hukuk esaslary goýuldy.

Çykyş edenler soňky 30 ýylyň dowamynda döwleti ösdürmegiň maksatlaryndan, döwrüň talaplaryndan, öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alnyp, konstitusion, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, köp partiýaly saýlaw ulgamynyň döredilendigini bellediler. 2020-nji ýylda Esasy Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esasy döredildi, Esasy Kanunyň täze düzgünnamalaryna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi.

Munuň özi ýurdumyzyň wekilçilikli we kanunçykaryjylyk edaralarynyň ösüşinde täze döwür bolup durýan taryhy waka bolup, döwletiň kanun çykaryjy häkimiýetiniň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykardy, kabul edilýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň hiliniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berdi.

Maslahatda oňa gatnaşyjylar halkara hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan habarlary hem diňlediler. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän işleri bellenildi. Uzak taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň toplan oňyn tejribesine daýanyp hem-de Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň konstitusion ýörelgelerine esaslanyp, geçen otuz ýylda mähriban Watanymyzyň halkara derejesi yzygiderli artdy, ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine doganlyk halklar bilen dostlukly gatnaşyklarynda giň gerimli işler amala aşyryldy.

Türkmen döwleti adam hukuklary hem-de azatlyklary baradaky halkara namalaryna goşulyp, azat jemgyýetiň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmak bilen, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny görkezýär.

12-13-nji maýda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň Dialogynyň anyk netijelerine aýratyn üns berildi, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi saklamaga gönükdirilen şunuň ýaly yzygiderli özara gatnaşyklaryň parlamentara sebit hyzmatdaşlygynyň möhümdigi barada nygtaldy.

Şeýle hem çykyş edenler "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň" ähmiýetini bellediler. Şu babatda hem ata Watanymyzyň we daşary ýurtlaryň döwlet gurluşyndaky halkara hukugynyň nazary hem-de amaly gazananlarynyň iň oňat nusgalaryny özünde jemläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasy amala aşyrylýan durmuş we demokratik özgertmeleriň nusgasy we onuň esas bolmagyna gönükdirilendir diýip, foruma gatnaşyjylar nygtadylar.

Çykyş edenler baý taryhy tejribä hem-de milli däplere daýanyp, ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygy pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşe, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, oňyn halkara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigini bellediler.

Çykyşlarda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň konsepsiýasyny has-da ösdürmek babatda ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýän kanunçylyk milli hukuk ulgamynyň daýanjy bolup, jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň ýolunda döwletimizi ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, maslahata gatnaşyjylar aýtdylar.

Günüň ikinji ýarymynda maslahat bölümçelerdäki mejlisler arkaly işini dowam etdi. Şolarda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady özgertmeleriň iş ýüzünde amala aşyrylyşy baradaky meselelere bagyşlanan birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul edip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky hemişelik aladasy, ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlere çykarandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekip, Durnukly ösüş maksatlary babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Maslahatyň ahyrynda geçirilen konsert maksatnamasynda meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, çeper höwesjeňler toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde mähriban Watanymyza, onuň zähmetsöýer hem-de zehinli halkyna bagyşlanan aýdym-sazlar ýaňlandy.