Ï Iňlis dili boýunça bäsleşik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iňlis dili boýunça bäsleşik

view-icon 8780

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti iňlis dili boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet-olimpiadany geçirdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen lingwistika gözden geçirilişine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-siniň talyplary gatnaşdylar. Iňlis diline ökdeleriň bäsleşigi oňa gatnaşanlara öz ukybyny we zehinini, ders boýunça bilimini hem-de taýýarlygyny görkezmäge mümkinçilik berdi.

Talyplaryň 31-si olimpiadanyň meselelerini üstünlikli çözüp, baýrakly orunlary eýelediler.

96-98 ball toplan bäş talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Olar: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Gurbanmyrat Berdimyradow bilen Parahat Halmanow, Ilaman Geldiýew (Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty), Rahymberdi Çaryýew (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) we Güljan Kömekowadyr (M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti).

Eminler topary 11 ikinji we 15 sany üçünji orunlary berdiler. Bäsleşigiň jemi boýunça azyndan 80 ball toplan talyplar baýraga mynasyp boldular. Olimpiada gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň wekilleri baýrakly ýere düşdüler.

Çäre talyplaryň bilim derejesine baha bermek, olaryň döredijilik we intellektual işjeňligini höweslendirmek, dil öwrenmäge höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdrimek Kopsepsiýasynyň we ýurtda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasynyň wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.