Ï «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça geçirilen Halkara açyk internet olimpiadasynyň jemi jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça geçirilen Halkara açyk internet olimpiadasynyň jemi jemlendi

view-icon 5531
«Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça geçirilen Halkara açyk internet olimpiadasynyň jemi jemlendi

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Halkara açyk internet olimpiadasynyň netijelerini yglan edildi.

Olimpiada jemi 13 ýurtdan: Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Rumyniýadan, Çehiýadan, Hytaýdan, Germaniýadan, Türkiýeden, Malaýziýadan 68 ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdy.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa hünärine we ýokary okuw mekdebinde näçe ýyl okanlygyna bagly bolmazdan, her okuw mekdebinden üçden köp bolmadyk talyp gatnaşmaga ygtyýarlydy. Olimpiada şahsy ýaryş görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçdi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça on iki ýeňiji çykdy, olaryň altysy türkmenistanly talyplar bolup, Pälwan Bazarowyň (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty), Ýakup Annagurbanowyň, Jemşit Jumaýewiň (Türkmen oba hojalyk instituty), Kakamyrat Kerimberdiýewiň (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty), Ahmet Tukatowyň (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti), Nuralyşir Abdyllaýewiň (Türkmen döwlet energetika instituty) paýyna düşdi.

Beýleki alty ýeňiji russiýaly, belarusly, hytaýly we özbegistanly talyplardyr.

Şonuň ýaly-da, olimpiadanyň netijeleri boýunça, baýrakly orunlaryň deň ýarysyny, ýagny 54-den 27-sini türkmen talyplary eýelediler. Ýaňy atlary agzalan ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň, S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri dokuz sany ikinji we on sekiz sany üçünji ýerleri eýelediler.

Şol sanda daşary ýurtly talyplardan ikinji we üçünji ýerlere gazagystanly, özbegistanly, russiýaly, belarusly we hytaýly talyplar mynasyp boldular.

Olimpiadanyň şahsy ýaryşlarynyň netijesinde iň köp utuk gazanan ähli ýeňijileri we baýrakly orunlara düşenler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri bu bilim bäsleşiginiň ýokary guramaçylykly geçendigini, halkara formatda ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny esli berkitmäge, dünýä ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplar bilen mugallymlaryň arasyndaky işjeňligi giňeltmäge mümkinçilik berendigini belleýärler.

Olimpiada Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we ýokary okuw mekdeplerinde tebigy hem takyk ylymlary okatmagy kämilleşdirmek taglymatynyň wezipelerini durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyryldy.

Innowasiýa-tehnologik jähetlerde ylmy gözleglere ukyply ýaşlary — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň çalt ösýän innowasion-tehnologiýa pudagynyň geljekki ýaş hünärmenlerini ýüze çykarmak maksady bilen, biziň ýurdumyzda şunuň ýaly bäsleşikler kadaly esasda guralýar. Şu derejedäki çäreler türkmen ýokary mekdepleriniň abraýyny artdyrýar, milli bilim ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ýokary mekdepleriniň hataryna girmek boýunça esasy meseleleriniň birini çözmäge ýardam edýär.